"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Gahryman Arkadagymyz ylym-bilimi yzygider ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hut şonuň üçin-de bu ulgamda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylan işlere nazar aýlanyňda, olaryň çuňňur many-mazmunyna göz ýetirýärsiň. Ylym-bilim — halkyň geljeginiň ösüşlere beslenmegini kepillendirýän güýç. Ýaş nesillerimize ylym-bilim bermek bilen biz ýurdumyzyň geljeginiň kuwwatlylygyny üpjün edýäris. Hawa, milli Liderimiziň tagallasy bilen ajaýyp zamanamyzda ylym-bilim ulgamynyň örän çalt depginler bilen özgermegi netijesinde ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijidäki maglumatlar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de dürli usullar bilen üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Terbiýe — kämilligiň mekdebi

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hal­ky­myz dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň­den ta­nal­ýar we şöh­rat­lan­ýar. Türk­men ta­ry­hyn­da ady ebe­di orun alan Oguz ha­nyň, Gor­kut ata­nyň, Gö­rog­ly­nyň, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň we beý­le­ki ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň pä­him­le­ri, ede­bi mi­ra­sy äh­li dö­wür­ler­de, şol san­da hä­zir­ki wagt­da öz äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män, edep-ter­bi­ýä­niň, gö­rüm-gö­rel­dä­niň nus­ga­sy bo­lup hyz­mat ed­ýär. Türk­men hal­ky­nyň söz us­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Döw­let­mäm­met Aza­dy ne­sil­le­riň ylym­ly-bi­lim­li, edep-ter­bi­ýe­li bol­ma­gy­ny ün­däp­dir. Uly­ny sy­la­mak, ki­çä hor­mat goý­mak, mä­re­ke­de hoş söz­li bol­mak ýa­ly hä­si­ýet­ler onuň dö­re­di­ji­li­gin­de uly orun tut­ýar.

Bilim — egsilmez hazyna

Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda ylym-bilimi kämilleşdirmäge, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly orun degişlidir. Ylym-bilim adamzadyň ruhy-genji hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý edebi hem medeni mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam edýär. Edebi mirasymyz, däp-dessurlarymyz türkmen halkynyň milli medeniýetiniň gymmatlyklarydyr. Milli medeniýetimiz dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň, öwrenijileriň, dilçileriň ünsüni özüne çekýär. Gadymyýetden gözbaş alýan milli medeniýetimiz halkymyzyň ruhy hazynasydyr. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylym-bilime, milli medeniýetimize uly üns berýär. Ynsanperwerlik, bilimlilik, edeplilik örän giň düşünje bolup, ol ynsan häsiýetlerindäki, adamlaryň özara gatnaşyklaryndaky ähli düzgün-tertibi, medeniýetliligi öz içine alýar. Uzak asyrlardan şu günlerimize gelip ýeten edep kadalaryny, bilim bermek boýunça toplanan tejribäni geljekki nesillere ýetirmek hem köp derejede mugallymyň paýyna düşýär. Mugallymyň özüni alyp barşy, medeniýeti ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe bermek üçin görelde mekdebidir. Çünki mugallym asylly durky, ýokary bilimi, ynamly nazary, açyk göwni, düşnükli, aýdyň sözleýşi, sowallara takyk, anyk jogap berip bilşi bilen ýaşlara görelde bolýar. Mugallym bilim bermek işini terbiýe bilen ugurdaş

Dil öwrenmek — dünýäni bilmek

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe her güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýän ýurdumyzda halkymyz hakynda edilýän aladalar, bitirilýän beýik işler bimöçberdir. Gahryman Arkadagymyzyň edýän taýsyz tagallalary raýatlarymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli ýerindäki bu ösüşler köňüllere ganat, ýüreklere ylham berýär. Ylaýta-da, bilim ulgamyndaky oňyn özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde orta çykýar. Ösüp gelýän ýaş nesil bilen ata Watanymyzyň bagtly geljegi berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem döwletimizde bilim ulgamyna ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylyp, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklaryna giň ýol açyldy. Ýurdumyzyň ylym-bilim merkezlerinde ornaşdyrylan multimediýa tehnologiýalary okatmagyň häzirkizaman usullaryndan peýdalanmaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Okatmagyň bu usulynyň bilim ojaklarynda ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy halkara tejribäniň öwrenilmegi sapagyň täsirliligini, netijeliligini artdyrmaga, okuwçylaryň bolsa geçilen mowzugy çuňňur özleşdirmeklerine şert döredýär.

Bilim — bagtyň çyragy

«Türkmenistan —―parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli özgertmeler, ýaşlar barada edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy, ylym we hünär öwrenmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Şunuň netijesinde ýetilýän belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüji milli Lider hökmündäki ýolbaşçylyk ukyp-zehininiň, syýasy pähim-paýhasynyň, eziz halkymyza, ata Watanymyza bolan söýgi-sarpasynyň miwesidir. Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda orta mekdepler okatmagyň hem-de bilim bermek usulyýetiniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen, ýaşlaryň aň-paýhas mümkinçiliklerini doly açmak üçin şert döredilen okuw merkezlerine öwrülýär.

Öz käriniň eýesi

Iň asylly kärleriň biriniň eýesi bolan mugallym ynsanyň ylym atasy hasaplanýar. Tejribeli mugallym çagalara ylym-bilim bermegiň pikirinde bolýar. Şeýle mugallymlaryň biri hem Murgap etrabynyň Sugty geňeşliginde, 1949-njy ýylda, hakdan içen daýhan Garaja aganyň boldumly ojagynda dünýä inen Tirkiş Garajaýewdir. Ömrüniň 50 ýylyny bu asylly käre bagyş eden Tirkiş mugallym, başlangyç bilimi Murgap etrabynyň 9-njy orta mekdebinde alýar. Ol mekdebi tamamlap, Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň taryh bölümine okuwa girýär. Okan döwründe mugallymlaryň, talyp ýoldaşlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Berilýän derslerden gowy ýetişik gazanýan Tirkiş, onuň daşyndan tans gurnagyna gatnaşyp, çeper höwesjeňler toparynda çykyş edip başlaýar. Onun ezber tansçydygyna göz ýetiren çeper ýolbaşçysy Ylýas Japarow ony şol wagtky Moldawiýa Respublikasyna bäsleşige gitmeli tansçylaryň arasyna goşýar. Şol gezek bu topar meşhur aýdymçylar Öwezgeldi Tekäýew, Annagül Gurdowa dagy bilen bile çykyş edýärler.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Abadan geljegiň şu günki aladasy Ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ägirt uly işler bitirilýär. Häzirki zaman tehnologiýalary, tehniki serişdeleri bilen abzallaşdyrylan täze mekdepler gurlup, ulanmaga berilýär. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.

Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersiteti

«7/24.tm», №45 (76), 08.11.2021. Gazagystan Respublikasynyň Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersiteti häzirki wagtda özüniň bilim beriş derejesi boýunça dünýäde öňdeligi eýeläp gelýän ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Geliň, bu bilim ojagy barada gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolalyň!

Kämillik ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil kemala gelýär. Taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr. Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen bilelikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýär. Bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, bu ugurda milli aýratynlyklary öňe sürmekde we halkara tejribesinden ugur almakda sanly bilim ulgamy möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdymyzyň bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde halkara ylym merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şeýle hem döwrebap okuw kitaplary, gollanmalary, wideo we audio materiallary, interaktiw multimediýa programmalary, okuw görkezme esbaplaryny döretmek işi dowam edýär.

Çaga terbiýesinde milli kökler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalar hakynda edilýän aladalary her ädimde duýmak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalary aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen goramak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýen ajaýyp sözleri bu aladanyň gözbaşynyň milli köklere daýanýandygyny görkezýär. Çaga terbiýesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlardan, ýol-ýörelgelerden ýerlikli peýdalanmagyň gowy netije berýändigi baradaky mysallar Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan kitaplarda mynasyp orun alýar. Körpe nesilleriň ýaşaýyş endiklerini ösdürmegiň usullary mekdebe çenli çagalar edaralarynda çaga ýaşlaryna görä, basgançaklaýyn esasda amala aşyrylýar. Munuň üçin çagalar baglarynda 1 ýaşdan 1,5 ýaşa çenli çagalar üçin — kiçi bakja, 1,5 ýaşdan 2 ýaşa çenli çagalar üçin — orta bakja, 2 ýaşdan 3 ýaşa çenli çagalar üçin — uly bakja toparlary hereket edýär. Bakja toparlarynda körpeje çagalaryň daş-töwerek, tebigat bilen tanyşmagyny üpjün etmek, beden we ruhy saglygyny berkitmek, aýdym-saz ukyplaryny we sözleýşini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sapaklarda öwrediji oýunlar guralýar.

Çagalar baglarynda iňlis dilini öwretmekde oýunlaryň ähmiýeti

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň döwrebap usullary ýola goýuldy. Bilim edaralary häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edildi. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler üçin aýratyn hem täsirli bolan innowasion usullar, şeýle-de oýnadylýan oýunlar özüniň ýokary netijesini berýär. Birnäçe ýyldan bäri çagalar bagynda körpelere iňlis dilini öwredip gelýärin. Sapakda dil öwretmegiň netijeli usullarynyň biri hem oýunlardan ýerlikli peýdalanmakdyr. Oýun — bu mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň ýerine ýetirýän esasy işidir. Ol çagalaryň ählisini biri-biri bilen dostlaşdyrýan düşnükli bir dildir. Iňlis dilini öwretmekde oýunlaryň usul hökmünde ulanylmagy sapagyň täsirliligini artdyrýar. Çagalar iňlis dilindäki sözleri uly höwes bilen ýat tutýarlar, gaýtalaýarlar. Hereketli we beýleki oýunlar, oýnawaçlar, haýwanlaryň şekilleri hem-de dürli suratlar arkaly sapagyň her bir minutynda çagalaryň iňlis diline gyzyklanmasyny, höwesini artdyrmak bolýar. Mysal üçin, mekdebe çenli toparyň çagalary bilen: «Animals» (Haýwanlar) diýen tema geçilende, «What сan you do?» (Sen nämäni başarýarsyň?) oýnuny guramak has täsirlidir. Çagalar bu oýny oýnanlarynda, haýsydyr bir haýwanyň häsiýetini göz öňüne getirmegi tabşyrýaryn, olara: «What сan you do?» diýip, sorag berýärin. Çagalar bolsa: «I can run/jump/swim/fly (Men

Kämilligiň aýdyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýär. Ylym we bilim ulgamynyň kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda yzygider işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşiniň toplumlaýyn maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň ylym jemgyýetçiliginiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynyň, ýaş hünärmenleriň öňünde goýýan wajyp wezipesidir. Bu maksatlara ýetmekde Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamlary hemmetaraplaýyn üpjün edilýär, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde onlaýn maslahatlar, sergiler guralýar. Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, bilim ulgamynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi daşary ýurtly hem-de türkmen alymlarynyň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň täze ugurlaryny gün tertibine çykarýar. Aslynda ylym ähli ösüşleriň gözbaşydyr. Çünki ylmy barlaglaryň, garaýyşlaryň netijesinde işler ýola goýulýar, ösüş gazanylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli geçirilýän ylmy maslahatlarda edilýän çykyşlar öňdebaryjy işläp taýýarlamalary dürli ulgamlara — energetikadan başlap, ekologiýa çenli ähli ugurlara ornaşdyrmagyň usulyýet we amaly meselelerine bagyşlany

Sapagyň täsiri taýýarlyga bagly

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň kämil hünärmen bolmaklary, olaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Umumybilim berýän orta mekdeplerde hünärmenler tarapyndan okatmagyň iň kämil usullary hem işlenip taýýarlanylýar. Şonuň netijesinde sapagy guramagyň döwrebap usullary, multimedia tagtasyndan peýdalanmagyň ugurlary hem üstünlikli ýola goýuldy. Okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak ähli dersler boýunça möhümdir. Bu babatda sapagyň guramaçylyk döwrüni işjeň geçirmek, slaýdlary hödürlemek we sapaga taýýarlykly barmak hökmandyr. Sapagyň temasy esasynda ýörite prezentasiýalary taýýarlap, multimedia tagtasynyň üsti bilen okuwçylary tanyşdyryp bolar. Bu hem sapak guramagyň iň bir döwrebap ugurlaryny öz içine alýar.

Körpeleriň dünýägaraýşyny giňeltmekde matallaryň orny

Medeniýet adamzat ýaşaýşynyň gözbaşy, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan gymmatly baýlyk hasap edilýär. Medeniýet öz gözbaşyny sungatdan, halkyň döredijilik zehininden alyp gaýdýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen baý halk döredijiligi milli medeniýetimiziň baýlaşmagynda diýseň uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslylygyň ajaýyp sazlaşygy bolan mirasymyza aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini hemişe-de özümize nusga edinýäris. Türkmen halk döredijiliginiň iň gyzykly we täsin görnüşiniň biri matallardyr. Matallar mazmunynyň gizlinligi hem-de aýdylyşy bilen halk döredijiliginiň beýleki toparlaryndan düýpli tapawutlanýar. Matallaryň terbiýeçilik hem-de öwredijilik häsiýetleri bardyr. Matal aýdylanda ol oýlanmaga, pikirlenmäge mejbur edýär. Matallarda many-mazmun, aýdyljak bolunýan zat kynçylyksyz aňmak derejesinde beýan edilýär. Esasan hem göz öňünde tutulýan zat doly suratlandyrylýar, ýöne ady aýdylmaýar, ony ýormak diňleýjä goýulýar.

Terbiýeçiniň döredijilikli zähmeti

Eziz Diýarymyzda bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Gysga wagtda ýurdumyzyň bilim özgertmeleriniň hukuk binýady döredildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze, döwrebap çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň sany barha artýar. Dünýä nusgalyk çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň binalary ýurdumyzyň paýtagtynyň, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherçeleriň we obalaryň görküne görk goşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen körpe hem-de ýaş nesillerimiz üçin döredijilikli bilim gurşawy döredildi. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap okuw maksatnamalarydyr meýilnamalary düzülip, okuw gollanmalarydyr kitaplary taýýarlanyldy. Çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň multimedia tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi esasynda okatmagyň täze usuly bolan interaktiw işjeň usullar ýüze çykdy. Ýurdumyzda terbiýeçiler, mugallymlar okatmagyň informasion-kommunikasion we multimedia tehnologiýalaryndan netijeli hem-de döredijilikli peýdalanýarlar, bu usuly yzygiderli kämilleşdirýärler. Multimedia tehnologiýalarynyň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda çagalar baglaryndan başlap, bilimiň ähli derejelerinde terbiýeçilerdir mugallymlar işjeň okuw usullaryny işläp düzýärler. Munuň özi çagalaryň bilesigelijiligini kanagatlandyrmakda we ösdürmekde, olaryň şahsyýetini kemala getirmekde oňyn netijelerini berýär.

On iki ýyllyk umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepler üçin okuw kitaplaryny taýýarlamak boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permanyny we «Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda» Kararyny hem-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýalaryndan, şeýle hem «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşiniň) 24-nji maddasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, on iki ýyllyk umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleri ugurlar (takyk ylymlar; tebigy bilimler; ynsanperwer-durmuş bilimleri) boýunça 2022 — 2023-nji okuw ýylynda okuw kitaplary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bäsleşik yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmak maksady bilen okuw kitaplarynyň golýazmalary taýýarlanylanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky Permandyr Kararlaryndan gelip çykýan wezipeler, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan makullanylan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamalary (iň köp sagat sanly) we okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary, bilim bermek işi boýunça milli we dünýä tejribesi göz öňünde tutulmalydyr.

Ýaşlar — Watanymyzyň abraý-mertebesi

Haýsy ýurtda ýaş nesle ýokary derejede ylym-bilim berilýän bolsa, ol ýurduň geljegi röwşendir. Ertesi ynamly ellerde diýildigidir. Beýik özgerişlere baý bolan güneşli Watanymyzda ýaşlar ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýar. Ýürek näçe sagdyn bolsa, beden şonça-da kuwwatly bolýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, saglygyny berkitmek, olara ýokary derejede bilim bermek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda 2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny netijeli durmuşa ornaşdyrylýar. Muňa mysal edip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny görkezmek bolar. Bu maksatnama ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olary sagdyn, ruhubelent, watansöýüji ynsanlar edip ýetişdirmäge degişli çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar. Mundan başga-da, onda ýaşlara ählitaraplaýyn ýardam bermek ýaly möhüm we anyk wezipeler öňde goýulýar.

Fizikasyz durmuş mümkinmi?! (Bilim we geljek)

Ýaşlarymyzyň her biri aýratyn bir dersi gowy görüp okaýar. Käbir okuwçylar dil derslerini gyzyklanma bilen okasalar, käbirleri tebigy bilimler bolan fizika, himiýa, biologiýa ýaly derslere has içgin çemeleşýärler. Islendik dersi höwes edip okamagyň aňyrsynda şol dersiň durmuşymyzdaky ähmiýetine düşünmek wajyp bolup durýar. Tebigy bilimlerden fizika dersiniň eýeleýän orny has-da ähmiýetlidir. Geliň, onda fizikanyň durmuşymyzdaky şol ähmiýeti barada gysgaça durup geçeliň! FIZIKASYZ ENERGIÝA

Bilimler mekany — Aşgabat

Garaşsyzlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we agzybirligiň gadyr-gymmatyna belent sarpa goýýan mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu gün gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoluny berkarar edip, onuň datly miweleriniň hözirini görýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gözel paýtagtymyz Aşgabat soňky ýyllarda sebitiň iň esasy işewürlik we halkara hyzmatdaşlygyň giňden ykrar edilen merkezine öwrüldi. Gysga döwrüň içinde bitirilen beýik işler paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak, ylym-bilim, medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça ençeme wezipeleriň ýokary derejede, has üstünlikli çözülmegini hem üpjün etdi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň parasaty bilen döwrüň möhüm talabyna laýyk gelýän orta hünär we ýokary okuw mekdepleriň birnäçesi döredildi we täze döwrebap binalar bilen üpjün edildi. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Arkadagymyzyň okuwçylar we talyplar bilen geçiren duşuşygyndaky taryhy çykyşy ähli ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegi üçin ýol görkezijidir. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde eden çykyşynda: «Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidirler. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur» diýmek bilen, ýaşlaryň başarnygyna ýok

Terbiýe mekdebi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, saglygy barada edýän yzygiderli aladalary uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyz geçmişini gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny ýol-ýörelge edinip, olaryň belent adamkärçiligini, zähmetsöýerligini, watansöýüjiligini, mertligini özüniň ýazýan çuň manyly eserlerinde durmuş wakalary bilen baglanyşdyryp, giňden wasp edýär. Milli Liderimiz özüniň jöwher paýhasyndan joşup çykan, pähim-parasaty ündeýän, gymmatyny hiç bir zada deňäp bolmajak ajaýyp eserleri döretdi. Hormatly Prezidentimiziň öz mähriban atasy —– zähmetsöýer mugallym, ilhalar esger, joşgunly watançy Berdimuhamet Annaýewe bagyşlap ýazan «Älem içre at gezer» romany hem şol gymmatly kitaplaryň biridir. Hormatly Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserlerinde biziň her birimizi ynsanperwerlige, ýagşy işlere ugrukdyrýan, agzybirlige, abadançylyga, dostluga, gurmaga we döretmäge çagyrýan özboluşly jadyly güýç bar. Bularyň ählisi hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň şatlyk we ylham çeşmesini emele getirmek bilen jemgyýetiň ösüşiniň hem berk esasyny düzýär. Jemgyýetiň sazlaşykly ösmegine we ruhy täzelenişe kuwwatly itergi berýär. Ýurduň, jemgyýetiň kämillige tarap özgermegine ýardam edýär. Milletiň ruhy hazynasy halkyň taryhyny, şu gününi, dünýägaraýşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny görkezýär.