Körpeleriň dünýägaraýşyny giňeltmekde matallaryň orny

7 Noýabr 2021
917

Medeniýet adamzat ýaşaýşynyň gözbaşy, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan gymmatly baýlyk hasap edilýär. Medeniýet öz gözbaşyny sungatdan, halkyň döredijilik zehininden alyp gaýdýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen baý halk döredijiligi milli medeniýetimiziň baýlaşmagynda diýseň uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslylygyň ajaýyp sazlaşygy bolan mirasymyza aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini hemişe-de özümize nusga edinýäris.

Türkmen halk döredijiliginiň iň gyzykly we täsin görnüşiniň biri matallardyr. Matallar mazmunynyň gizlinligi hem-de aýdylyşy bilen halk döredijiliginiň beýleki toparlaryndan düýpli tapawutlanýar. Matallaryň terbiýeçilik hem-de öwredijilik häsiýetleri bardyr. Matal aýdylanda ol oýlanmaga, pikirlenmäge mejbur edýär. Matallarda many-mazmun, aýdyljak bolunýan zat kynçylyksyz aňmak derejesinde beýan edilýär. Esasan hem göz öňünde tutulýan zat doly suratlandyrylýar, ýöne ady aýdylmaýar, ony ýormak diňleýjä goýulýar.

Mohira RAHIMBAÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň mugallymy.