Terbiýeçiniň döredijilikli zähmeti

7 Noýabr 2021
1086

Eziz Diýarymyzda bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Gysga wagtda ýurdumyzyň bilim özgertmeleriniň hukuk binýady döredildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze, döwrebap çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň sany barha artýar. Dünýä nusgalyk çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň binalary ýurdumyzyň paýtagtynyň, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherçeleriň we obalaryň görküne görk goşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen körpe hem-de ýaş nesillerimiz üçin döredijilikli bilim gurşawy döredildi. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap okuw maksatnamalarydyr meýilnamalary düzülip, okuw gollanmalarydyr kitaplary taýýarlanyldy. Çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň multimedia tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi esasynda okatmagyň täze usuly bolan interaktiw işjeň usullar ýüze çykdy.

Ýurdumyzda terbiýeçiler, mugallymlar okatmagyň informasion-kommunikasion we multimedia tehnologiýalaryndan netijeli hem-de döredijilikli peýdalanýarlar, bu usuly yzygiderli kämilleşdirýärler. Multimedia tehnologiýalarynyň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda çagalar baglaryndan başlap, bilimiň ähli derejelerinde terbiýeçilerdir mugallymlar işjeň okuw usullaryny işläp düzýärler. Munuň özi çagalaryň bilesigelijiligini kanagatlandyrmakda we ösdürmekde, olaryň şahsyýetini kemala getirmekde oňyn netijelerini berýär.

Ogultäç MÄMMEDOWA,
Döwletli etrabyndaky «Körpe» atly 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.