Bilim — egsilmez hazyna

9 Noýabr 2021
1126

Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda ylym-bilimi kämilleşdirmäge, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly orun degişlidir. Ylym-bilim adamzadyň ruhy-genji hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý edebi hem medeni mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam edýär. Edebi mirasymyz, däp-dessurlarymyz türkmen halkynyň milli medeniýetiniň gymmatlyklarydyr. Milli medeniýetimiz dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň, öwrenijileriň, dilçileriň ünsüni özüne çekýär.

Gadymyýetden gözbaş alýan milli medeniýetimiz halkymyzyň ruhy hazynasydyr. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylym-bilime, milli medeniýetimize uly üns berýär. Ynsanperwerlik, bilimlilik, edeplilik örän giň düşünje bolup, ol ynsan häsiýetlerindäki, adamlaryň özara gatnaşyklaryndaky ähli düzgün-tertibi, medeniýetliligi öz içine alýar. Uzak asyrlardan şu günlerimize gelip ýeten edep kadalaryny, bilim bermek boýunça toplanan tejribäni geljekki nesillere ýetirmek hem köp derejede mugallymyň paýyna düşýär. Mugallymyň özüni alyp barşy, medeniýeti ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe bermek üçin görelde mekdebidir. Çünki mugallym asylly durky, ýokary bilimi, ynamly nazary, açyk göwni, düşnükli, aýdyň sözleýşi, sowallara takyk, anyk jogap berip bilşi bilen ýaşlara görelde bolýar. Mugallym bilim bermek işini terbiýe bilen ugurdaş alyp barýar. Bilim-terbiýeçilik işi derwaýys ugur bolup, mugallymyň mukaddes işidir. Mugallymlar sapaklarda ýaşlaryň üstünlikli taraplaryny belläp, ruhlaryny götermek bilen, öwredýän temasyna gyzyklanma döredýär. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň belleýşi ýaly, mugallym bilen okuwçynyň arasynda hormat-sylaşykly aragatnaşyk ýola goýulýar. Çünki mugallymyň ýaşlara bilimdir terbiýe bermekdäki esasy serişdesi sözdür. Terbiýede sözlemegiň öz edebiniň bolşy ýaly, bilim bermek işinde geçilýän tema ylmy esasda guralyp, sadadan düşnükli dilde, şeýle hem ylmy delillere salgylanmak arkaly öwredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim bermek işinde her bir temany ylmy esasda öwrenmekde, okuw mekdeplerinde ornaşdyrylan multimedia tehnologiýalary ýakyn ýardamçydyr. Ýaşlara döwrebap bilim, milli terbiýe bermekde okatmagyň ugurlaryny has-da kämilleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda ýurdumyzyň bilim ulgamyna kompýuterleri ornaşdyrmak, olary internet ulgamyna birikdirmek baradaky çäreler iň möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. Multimedia tilsimaty arkaly häzirki zaman bilim beriş ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Okatmagyň bu usulyny okuw mekdeplerimize ornaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek boýunça işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mugallymyň öz bilimini yzygiderli artdyryp, döwrebap tehnologiýalardan döredijilikli peýdalanmagy başarmagy möhümdir. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde okuw mekdeplerinde dünýädäki iň täze ylmy maglumatlardan habarly bolmak üçin ähli şertler bar. Ylym-bilimi döwrebap ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Patyşaguly GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.