Bilim — bagtyň çyragy

8 Noýabr 2021
956

«Türkmenistan —―parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli özgertmeler, ýaşlar barada edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy, ylym we hünär öwrenmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Şunuň netijesinde ýetilýän belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüji milli Lider hökmündäki ýolbaşçylyk ukyp-zehininiň, syýasy pähim-paýhasynyň, eziz halkymyza, ata Watanymyza bolan söýgi-sarpasynyň miwesidir.

Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda orta mekdepler okatmagyň hem-de bilim bermek usulyýetiniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen, ýaşlaryň aň-paýhas mümkinçiliklerini doly açmak üçin şert döredilen okuw merkezlerine öwrülýär.

Jeren ÖWEZOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.