On iki ýyllyk umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepler üçin okuw kitaplaryny taýýarlamak boýunça bäsleşik

7 Noýabr 2021
1482

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permanyny we «Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda» Kararyny hem-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýalaryndan, şeýle hem «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşiniň) 24-nji maddasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, on iki ýyllyk umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleri ugurlar (takyk ylymlar; tebigy bilimler; ynsanperwer-durmuş bilimleri) boýunça 2022 — 2023-nji okuw ýylynda okuw kitaplary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak maksady bilen okuw kitaplarynyň golýazmalary taýýarlanylanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky Permandyr Kararlaryndan gelip çykýan wezipeler, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan makullanylan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan okuw maksatnamalary (iň köp sagat sanly) we okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary, bilim bermek işi boýunça milli we dünýä tejribesi göz öňünde tutulmalydyr.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.