Kämilligiň aýdyň ýoly

7 Noýabr 2021
1247

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýär. Ylym we bilim ulgamynyň kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda yzygider işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşiniň toplumlaýyn maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň ylym jemgyýetçiliginiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynyň, ýaş hünärmenleriň öňünde goýýan wajyp wezipesidir. Bu maksatlara ýetmekde Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamlary hemmetaraplaýyn üpjün edilýär, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde onlaýn maslahatlar, sergiler guralýar.

Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, bilim ulgamynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi daşary ýurtly hem-de türkmen alymlarynyň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň täze ugurlaryny gün tertibine çykarýar. Aslynda ylym ähli ösüşleriň gözbaşydyr. Çünki ylmy barlaglaryň, garaýyşlaryň netijesinde işler ýola goýulýar, ösüş gazanylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli geçirilýän ylmy maslahatlarda edilýän çykyşlar öňdebaryjy işläp taýýarlamalary dürli ulgamlara — energetikadan başlap, ekologiýa çenli ähli ugurlara ornaşdyrmagyň usulyýet we amaly meselelerine bagyşlanylýar. Mugallymlaryň, ylym işgärleriniň çykyşlarynda nano-himiýa, kompýuter tehnologiýalary, täze serişdeleri işläp taýýarlamak, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa ulgamy, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly wajyp ugurlar boýunça gymmatly pikirler öňe sürülýär.

Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.