Röwşen geljegimiziň şuglasy

9 Noýabr 2021
945

Gahryman Arkadagymyz ylym-bilimi yzygider ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hut şonuň üçin-de bu ulgamda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylan işlere nazar aýlanyňda, olaryň çuňňur many-mazmunyna göz ýetirýärsiň. Ylym-bilim — halkyň geljeginiň ösüşlere beslenmegini kepillendirýän güýç. Ýaş nesillerimize ylym-bilim bermek bilen biz ýurdumyzyň geljeginiň kuwwatlylygyny üpjün edýäris.

Hawa, milli Liderimiziň tagallasy bilen ajaýyp zamanamyzda ylym-bilim ulgamynyň örän çalt depginler bilen özgermegi netijesinde ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijidäki maglumatlar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de dürli usullar bilen üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Gunça KURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň mugallymy.