Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz dünýä jemgyýetçiliginde giňden tanalýar we şöhratlanýar. Türkmen taryhynda ady ebedi orun alan Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki taryhy şahsyýetlerimiziň pähimleri, edebi mirasy ähli döwürlerde, şol sanda häzirki wagtda öz ähmiýetini ýitirmän, edep-terbiýäniň, görüm-göreldäniň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Türkmen halkynyň söz ussatlarynyň biri bolan Döwletmämmet Azady nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli bolmagyny ündäpdir. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, märekede hoş sözli bolmak ýaly häsiýetler onuň döredijiliginde uly orun tutýar.