Dil öwrenmek — dünýäni bilmek

8 Noýabr 2021
910

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe her güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýän ýurdumyzda halkymyz hakynda edilýän aladalar, bitirilýän beýik işler bimöçberdir. Gahryman Arkadagymyzyň edýän taýsyz tagallalary raýatlarymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ähli ýerindäki bu ösüşler köňüllere ganat, ýüreklere ylham berýär. Ylaýta-da, bilim ulgamyndaky oňyn özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde orta çykýar.

Ösüp gelýän ýaş nesil bilen ata Watanymyzyň bagtly geljegi berk baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem döwletimizde bilim ulgamyna ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylyp, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklaryna giň ýol açyldy. Ýurdumyzyň ylym-bilim merkezlerinde ornaşdyrylan multimediýa tehnologiýalary okatmagyň häzirkizaman usullaryndan peýdalanmaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Okatmagyň bu usulynyň bilim ojaklarynda ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy halkara tejribäniň öwrenilmegi sapagyň täsirliligini, netijeliligini artdyrmaga, okuwçylaryň bolsa geçilen mowzugy çuňňur özleşdirmeklerine şert döredýär.

Şerapat Döwletowa,
Halaç etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy.