Ýaşlar — Watanymyzyň abraý-mertebesi

5 Noýabr 2021
929

Haýsy ýurtda ýaş nesle ýokary derejede ylym-bilim berilýän bolsa, ol ýurduň geljegi röwşendir. Ertesi ynamly ellerde diýildigidir. Beýik özgerişlere baý bolan güneşli Watanymyzda ýaşlar ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýar. Ýürek näçe sagdyn bolsa, beden şonça-da kuwwatly bolýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, saglygyny berkitmek, olara ýokary derejede bilim bermek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda 2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny netijeli durmuşa ornaşdyrylýar. Muňa mysal edip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny görkezmek bolar. Bu maksatnama ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olary sagdyn, ruhubelent, watansöýüji ynsanlar edip ýetişdirmäge degişli çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar. Mundan başga-da, onda ýaşlara ählitaraplaýyn ýardam bermek ýaly möhüm we anyk wezipeler öňde goýulýar.

Dünýägözel NURMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.