Kämillik ýoly

7 Noýabr 2021
993

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil kemala gelýär. Taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr. Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen bilelikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýär.

Bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, bu ugurda milli aýratynlyklary öňe sürmekde we halkara tejribesinden ugur almakda sanly bilim ulgamy möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdymyzyň bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde halkara ylym merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şeýle hem döwrebap okuw kitaplary, gollanmalary, wideo we audio materiallary, interaktiw multimediýa programmalary, okuw görkezme esbaplaryny döretmek işi dowam edýär.

Sapargeldi TILEWOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.