Terbiýe mekdebi

5 Noýabr 2021
856

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, saglygy barada edýän yzygiderli aladalary uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyz geçmişini gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny ýol-ýörelge edinip, olaryň belent adamkärçiligini, zähmetsöýerligini, watansöýüjiligini, mertligini özüniň ýazýan çuň manyly eserlerinde durmuş wakalary bilen baglanyşdyryp, giňden wasp edýär. Milli Liderimiz özüniň jöwher paýhasyndan joşup çykan, pähim-parasaty ündeýän, gymmatyny hiç bir zada deňäp bolmajak ajaýyp eserleri döretdi. Hormatly Prezidentimiziň öz mähriban atasy —– zähmetsöýer mugallym, ilhalar esger, joşgunly watançy Berdimuhamet Annaýewe bagyşlap ýazan «Älem içre at gezer» romany hem şol gymmatly kitaplaryň biridir.

Hormatly Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserlerinde biziň her birimizi ynsanperwerlige, ýagşy işlere ugrukdyrýan, agzybirlige, abadançylyga, dostluga, gurmaga we döretmäge çagyrýan özboluşly jadyly güýç bar. Bularyň ählisi hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň şatlyk we ylham çeşmesini emele getirmek bilen jemgyýetiň ösüşiniň hem berk esasyny düzýär. Jemgyýetiň sazlaşykly ösmegine we ruhy täzelenişe kuwwatly itergi berýär. Ýurduň, jemgyýetiň kämillige tarap özgermegine ýardam edýär. Milletiň ruhy hazynasy halkyň taryhyny, şu gününi, dünýägaraýşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny görkezýär.

Maýagözel NEDIROWA,
Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň ýokary derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymy.