Öz käriniň eýesi

8 Noýabr 2021
1003

Iň asylly kärleriň biriniň eýesi bolan mugallym ynsanyň ylym atasy hasaplanýar. Tejribeli mugallym çagalara ylym-bilim bermegiň pikirinde bolýar. Şeýle mugallymlaryň biri hem Murgap etrabynyň Sugty geňeşliginde, 1949-njy ýylda, hakdan içen daýhan Garaja aganyň boldumly ojagynda dünýä inen Tirkiş Garajaýewdir. Ömrüniň 50 ýylyny bu asylly käre bagyş eden Tirkiş mugallym, başlangyç bilimi Murgap etrabynyň 9-njy orta mekdebinde alýar. Ol mekdebi tamamlap, Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň taryh bölümine okuwa girýär. Okan döwründe mugallymlaryň, talyp ýoldaşlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar.

Berilýän derslerden gowy ýetişik gazanýan Tirkiş, onuň daşyndan tans gurnagyna gatnaşyp, çeper höwesjeňler toparynda çykyş edip başlaýar. Onun ezber tansçydygyna göz ýetiren çeper ýolbaşçysy Ylýas Japarow ony şol wagtky Moldawiýa Respublikasyna bäsleşige gitmeli tansçylaryň arasyna goşýar. Şol gezek bu topar meşhur aýdymçylar Öwezgeldi Tekäýew, Annagül Gurdowa dagy bilen bile çykyş edýärler.