Çaga terbiýesinde milli kökler

7 Noýabr 2021
1171

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalar hakynda edilýän aladalary her ädimde duýmak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalary aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen goramak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýen ajaýyp sözleri bu aladanyň gözbaşynyň milli köklere daýanýandygyny görkezýär. Çaga terbiýesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlardan, ýol-ýörelgelerden ýerlikli peýdalanmagyň gowy netije berýändigi baradaky mysallar Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan kitaplarda mynasyp orun alýar.

Körpe nesilleriň ýaşaýyş endiklerini ösdürmegiň usullary mekdebe çenli çagalar edaralarynda çaga ýaşlaryna görä, basgançaklaýyn esasda amala aşyrylýar. Munuň üçin çagalar baglarynda 1 ýaşdan 1,5 ýaşa çenli çagalar üçin — kiçi bakja, 1,5 ýaşdan 2 ýaşa çenli çagalar üçin — orta bakja, 2 ýaşdan 3 ýaşa çenli çagalar üçin — uly bakja toparlary hereket edýär. Bakja toparlarynda körpeje çagalaryň daş-töwerek, tebigat bilen tanyşmagyny üpjün etmek, beden we ruhy saglygyny berkitmek, aýdym-saz ukyplaryny we sözleýşini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sapaklarda öwrediji oýunlar guralýar.

Aýnabat ÝAGŞYBAÝEWA,
Kaka etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.