Bilimler mekany — Aşgabat

5 Noýabr 2021
786

Garaşsyzlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we agzybirligiň gadyr-gymmatyna belent sarpa goýýan mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu gün gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoluny berkarar edip, onuň datly miweleriniň hözirini görýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gözel paýtagtymyz Aşgabat soňky ýyllarda sebitiň iň esasy işewürlik we halkara hyzmatdaşlygyň giňden ykrar edilen merkezine öwrüldi. Gysga döwrüň içinde bitirilen beýik işler paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak, ylym-bilim, medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça ençeme wezipeleriň ýokary derejede, has üstünlikli çözülmegini hem üpjün etdi.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň parasaty bilen döwrüň möhüm talabyna laýyk gelýän orta hünär we ýokary okuw mekdepleriň birnäçesi döredildi we täze döwrebap binalar bilen üpjün edildi. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Arkadagymyzyň okuwçylar we talyplar bilen geçiren duşuşygyndaky taryhy çykyşy ähli ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegi üçin ýol görkezijidir. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde eden çykyşynda: «Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidirler. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur» diýmek bilen, ýaşlaryň başarnygyna ýokary ynam bildirýär.

Haky ÝOLLYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.