Çagalar baglarynda iňlis dilini öwretmekde oýunlaryň ähmiýeti

7 Noýabr 2021
1545

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň döwrebap usullary ýola goýuldy. Bilim edaralary häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edildi. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler üçin aýratyn hem täsirli bolan innowasion usullar, şeýle-de oýnadylýan oýunlar özüniň ýokary netijesini berýär.

Birnäçe ýyldan bäri çagalar bagynda körpelere iňlis dilini öwredip gelýärin. Sapakda dil öwretmegiň netijeli usullarynyň biri hem oýunlardan ýerlikli peýdalanmakdyr. Oýun — bu mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň ýerine ýetirýän esasy işidir. Ol çagalaryň ählisini biri-biri bilen dostlaşdyrýan düşnükli bir dildir. Iňlis dilini öwretmekde oýunlaryň usul hökmünde ulanylmagy sapagyň täsirliligini artdyrýar. Çagalar iňlis dilindäki sözleri uly höwes bilen ýat tutýarlar, gaýtalaýarlar. Hereketli we beýleki oýunlar, oýnawaçlar, haýwanlaryň şekilleri hem-de dürli suratlar arkaly sapagyň her bir minutynda çagalaryň iňlis diline gyzyklanmasyny, höwesini artdyrmak bolýar. Mysal üçin, mekdebe çenli toparyň çagalary bilen: «Animals» (Haýwanlar) diýen tema geçilende, «What сan you do?» (Sen nämäni başarýarsyň?) oýnuny guramak has täsirlidir. Çagalar bu oýny oýnanlarynda, haýsydyr bir haýwanyň häsiýetini göz öňüne getirmegi tabşyrýaryn, olara: «What сan you do?» diýip, sorag berýärin. Çagalar bolsa: «I can run/jump/swim/fly (Men ylgap, böküp, ýüzüp, uçup bilýärin) diýip jogap berýärler.

Güljemal SOPYÝEWA,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.