"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Çagalyk dosty — wepaly dost

Durmuşda akyl ýetirmegiň iň ilkinji basgançagy çagalykdan başlanýar. Şonda ähli alynýan maglumatlar hakyky bolşy ýaly kabul edilýär. «Çaga ak asman ýaly arassa» diýleninde, heniz beýnisi bekemedik ýaş çaganyň özüni alyp barşynyň tebigy ýaradylyşyna has laýyk gelýändigi nazara alynýar. Käbir ýagdaýlarda hojalygymyzda ýaşaýan eldeki haýwanlaryň çagalara tiz öwrenişýändigini, olary basym tanaýandygyny hem şu sebäp bilen düşündirseň bolar. Ýaş çagalar, aglaba ýagdaýda, ýetginjekler it edinmegiň höwesinde bolýarlar. Käteler bolsa, ýaňy dil biten, bäş-üç ýaşyndaky çagalar hem it edinmek hakyndaky isleglerini ene-ata mälim edýärler. Olaryň şonda ite ideg etmäge fiziki mümkinçiligi hemişe ýetip hem durmaýar. Ýöne ullakan, göwresi özi bilen deňme-deň gelýän alabaý — çagalaryň arzuwy. Onsoň, alabaý güjüjegi alyp, oglany arzuwyna ýetirýärler. Oglanyň gökdäki dilegi ýerde gowuşýar. Alabaý güjügi oňa hakyky dost bolýar. Oglanjyk oňa öz isleýşi ýaly, Garagöz, Peleň, Akbaý diýen ýaly atlary dakýar. Şeýdibem, batyrlyk hakyndaky çagalyk hekaýatlarynyň gahrymany oglanyň ýanynda peýda bolýar.

Akgaýma tahýa (Rowaýat)

Gadym wagtlarda çarwa obalarynyň birinde sekiz ogully bir goja ýaşapdyr. Bu maşgalanyň ýedi ogly öýli-işikli bolupdyr. Goja öz ogullaryna guwanypdyr. Nesibeli gün ol körpe ogluny hem öýeripdir. Emma ýaňy toýy sowan günleri bir atly ýigit oba şum habar getirip, goňşy oba ýagy çozandygyny aýdýar. Bu habary eşiden goja derrew oba ýaşulularyny ýygnap, maslahat edýär. Ýaşulular geňeşip, goňşy oba kömege gitmeli diýen karara gelýärler. Gojanyň sekiz ogly hem sekiz ýerden atlanypdyrlar. Şonda ýaşulynyň iň kiçi ogly täze gelni bilen hoşlaşyp: «Sag-aman geleris, gaýgy etme. Öýüň hyzmaty bilen boluber» diýipdir. Şeýdip, başy kürteli ýaş gelin söwer ýaryny ýagşy niýet bilen ýola salypdyr. Birnäçe wagtdan soň gidenleriň köpüsi gaýdyp gelipdir, birnäçesi bolsa gelmändir. Gelmedikleriň arasynda gojanyň hem ogullary bar eken.

It hakda nakyllar

It geldi — gut geldi. * * *

Milli baýlyk — ruhy hazyna

Asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelýän baý milli gymmatlyklarymyz bar. Heňňamlaryň jümmüşinden aşyp, biziň şu günki günlerimize çenli öz gözelligini, nepisligini, dillerde dessanlygyny ýitirmän gelýän milli şaý-seplerimiz ata-babalarymyzyň gelin-gyzlarymyza goýýan sarpasynyň aýdyň şöhlelenmesidir. Milli şaý-seplerimiz ussat zergärlerimiz tarapyndan sünnälenip döredilen sungat eseridir. Olar ajaýyp nagyşlaryny tebigatyň inçe gözelliklerinden alyp gaýdýarlar. Gadymy döwürlerde şaý-sepleri diňe pöwrize, nefrit, oniks, hakyk ýaly mineral daşlar bilen bezän bolsalar, soňabaka olarda aýna daşlaryny hem ulanyp başlapdyrlar. Uly yhlas siňdirilip, nepis bezelen milli şaý-seplerimiz özboluşlylygy hem-de deňsiz-taýsyzlygy bilen tapawutlanyp, başga hiç bir halkda duş gelmeýär.

Alabaý – biziň milli buýsanjymyz

Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr. Ynsan ilki tüm Zemine gelende, onuň daşyny her hili jandarlar gurşanmyşyn. Şonda oňa duýgudaşlygyny bildiren itler bolupdyr diýýärler. Bu bir rowaýat, ýöne rowaýat hem tötänden döremeýär. Behişdi ahalteke bedewimiz – baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty.

Magtymguly we «Döwlet guşy» romany

Tutuş milletiň ruhuny kalba jem eýläp, şygra öwürmegiň hötdesinden ussatlarça gelmegi başaran, berkarar döwlet islän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bilen hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň arasynda berk baglanyşyk bar. Hormatly Arkadagymyzyň: «Türkmen halky özüniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan wasp edilen mertebe, adyllylyk, watançylyk, zähmet we myhmansöýerlik, döredijilik, parahatçylyk we asudalyk ýaly ýörelgeleri, ata-babalarymyzyň gany bilen geçen ynsanperwerlik ýaly oňat häsiýetlerini saklap, olary asyrdan-asyra geçirip gelýär. Hut şu häsiýetler we ýörelgeler bolsa ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň özenini, düýp manysyny düzýär» diýen sözleri taryhy taýdan hakykylygy bilen ýüreklere ýakyndyr. «Döredilýän eserler durmuşdan üzňe däl-de, çuň manyly, ýokary çeperçilikli, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny we durmuş hakykatyny beýan edýän eserler bolmalydyr» diýýän hormatly Arkadagymyzyň hut öz ylhamynyň önümi bolan «Döwlet guşy» romanynda aýdylanlaryň beýanyna açyk-aýdyň göz ýetirýäris. Romanyň baş gahrymany, eseriň awtorynyň — hormatly Arkadagymyzyň kakasy, Arkadagly Serdarymyzyň atasy Mälikguly aga.

Dograma

Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz milli tagamlara «Hem iýmit bolsun, hem şypa bersin» diýen ýörelgeden ugur alyp, adam üçin peýdaly iýmitleri nesilden-nesle geçiripdirler. Biz şu gezek şeýle milli tagamlaryň ynsana berýän peýdasy barada çeşmelerden peýdalanyp, size ýetirýäris. Bu milli tagamyň döreýşi barada il arasynda dürli rowaýatlar aýdylýar. Şol rowaýatlara ser salsak, ata-babalarymyzyň dogramanyň peýdaly tarapyna köpräk üns berendiklerini görýäris.

Döwrümiziň bagtyýarlygy çagalaryň meňzinde

Halkymyz çagalary durmuşyň gülüne, geljegimize şöhle saçýan güneşe meňzedýär. Hormatly Prezidentimiz: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeleri, gazanylýan ösüşleri ýaş nesliň bagtly geljegine gönükdirýär. Iň çetki oba-şäherlerde hem gurulýan döwrebap çagalar baglaryny, ylmyň iň täze gazananlary hem-de öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta mekdepleri göreniňde, ertirki günümiziň bagtyýarlyk bossanlygynda mekan tutandygyna bolan ynamyň berkeýär. Maşgala abadançylygy, nesil saglygy hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň ýiti öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzda çagalaryň sagdyn kemala gelmekleri, döwrebap ylym-bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bilim we terbiýeçilik edaralarynda okuw meýilnamasyna laýyklykda körpelere okuw, ýazuw endikleri, bedenterbiýe-sport, zähmet we döredijilik sapaklary bilen birlikde häzirkizaman kompýuterlerine özbaşdak erk etmek öwredilýär.

Owaz döredýän küýzeler

Şeýle bir ýagdaýy göz öňüne getiriň: mundan 10 ýyl ozal hem siz başga bir iş bilen meşgullanýardyňyz. Birdenkä, haýsydyr bir ýagdaý ünsüňizi özüne çekdi-de, küýze ýasamaga gyzyklandyňyz. Gözellik-dä, bu! Garaşman durkaň çykýar-da, özüne baglaýýar. Ine, onsoň höwesjeň hökmünde mundan 10 ýyl ozal ilkinji küýzeleriňizi ýasap başlaýarsyňyz. Küýzegär — külal hökmünde gatnaşan ilkinji sergiňiz halkara sergi bolar diýseler, şol ýyllarda ynanarmydyňyz? Megerem, ynanmasaňyz gerek. Ýöne bu ýazanlarymyzyň ählisi türkmenabatly küýzegär Ruslan Rejebowyň durmuşynda hakykata öwrüldi. Türkmenabat şäherinde geçirilen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergä baran bolsaňyz, siz hem Ruslana degişli bölümiň deňinden biparh geçip bilen dälsiňiz. Biz hem şeýle ahwalyň täsirine gaplandyk. Muzeýde ýaňlanyp duran ähli sazlardan şirin küýzeden akýan suwuň owazyny diýermiň (Ol bu işini «Jykyr» diýip atlandyrypdyr), ak hem gyzyl reňkli küýzeleriň özüne çekiji bezegi diýermiň ýa-da hut serginiň özünde täze küýzäniň dünýä inmegine şaýat bolmak diýermiň, garaz, türkmenabatly küýzegäre bölünip berlen ýerdäki serginiň deňinde aýak çekip, ünsüňi egläre sebäp kän.

Tymsallar

Nädip 100 ýaşamaly? Habarça 100 ýaşan adamyň uzak ýaşamagyň syryny bilmegi tabşyrypdyrlar. Ol dag obasynda ýaşaýan gojany agtaryp tapyp, ony sowala tutupdyr.

Iň sogaply ýeri

«Ýagşy niýet — ýarym döwlet». Ýagşylyk — bagta ýetmegiň, yrylmaz rysgal-berekede eýe bolmagyň we sogap gazanmagyň ýeke-täk ýoly. Hut şonuň üçin pederlerimiz il-güne ýagşylyk etmegiň hem-de kalbyňda ýagşy niýet-islegleri jemlemegiň ähmiýeti barada bize gymmatly pähim-paýhaslary miras galdyrypdyrlar. Ýagşylygy bilen ýalkanyp, sogaply işleri bilen alkyşlanylan pederlerimiziň görüm-göreldesiniň, edep-terbiýesiniň mynasyp dowam etdirilmegi şu günki ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Hut şu mynasybetli il-güne ýagşylyk etmegiň iň sogaply ýeri hakda aýdylanlaryň käbirini siz bilen paýlaşmagy makul bildik. Toý-märekede köpçüligiň naharyny bişireniňde, onuň iň sogaply ýeri: tagam taýýar bolup, mähellä äberilmezinden öň üç gezek sowurmakdadyr we nahara dem bermekdedir.

Ýagşyny ýatlamak — parz

Çaga kalply çagalar şahyry Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan medeni mirasymyzy öwrenmek, halypa şägirtlik ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyçlary Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan giň gerimde dowam etdirilýär. Türkmen edebiýatynda, sungatynda öçmez yz galdyran halypalaryň ömri, döredijiligi içgin öwrenilip, ýaş nesillere ýetirilýär.

Millilik — ýaş nesle ýörelge

2015-nji ýylda Maryda ilkinji “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyşyna taýýarlyk işlerine milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň janköýerleriniň uly topary, şol sanda ussat halyçy we mirasgär zenan Haljan Ilamanowa hem çekilipdi. Äpet ak öýüň bir böwrüniň bezegini boýnuna alan Haljan orta mekdepde okaýan ogly Şageldi bilen bu ýakymly we hormatly ýumşy berjaý edip ýörkäler, şeýle ajaýyp keşbi öz öýlerinde döretmek pikirine geldi. Türkmenistanyň Medeniýet institutyna muzeý işini guramak hünäri boýunça okuwa giren Şageldiniň öwrenýän nazary biliminiň we ejesiniň toplan baý mirasynyň birikmeginden kemala gelen öý muzeýi bu gün geljekler, görjekler, öwrenjekler üçin kaşaň gapysyny açdy. Mary etrabynyň Täze oba geňeşliginde, Marynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýyndaky obada ýaşaýan Ilamanowlar öz ojaklarynda öz “Ak öýlerini” döretdiler. Gapysyna we içine “Türkmeniň ak öýi” binasynyň şekili berlen daşky giň otag türkmeniň medeniýetine we sungatyna degişli milli gymmatlyklaryň nusgalaryny özünde jemleýän öý muzeýine öwrüldi. Bu muzeýe gelýänleriň nazary ilki bilen türkmeniň öý-ojaklarynyň we kalplarynyň töründen orun tapan Arkadagymyzyň, onuň türkmene haýyr getiren ýol-ýörelgelerini dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň nurana keşplerine düşýär. Hemme zat gadymy türkmen öýünde bolmalysy ýaly: bosaga, tör, dul, böwür, ojak... Ussat halyçy Haljan Ilamanowanyň dürli ýyllarda öz elinden

Tanap işmek

Tanap, ýüp çarwa durmuşynda ýygy-ýygydan ulanylýar. Häzirki wagtda tanaplaryň dürli görnüşleri döwrebap tehnologiýalar esasynda köpçülikleýin öndürilýär. Geçmişde zerur bolan tanaplary elde işip taýýarlapdyrlar. Tanap işmek üçin esasy çig mal goýnuň ýaz ýüňi bolup, oňa geçiniň çöpüri, düýäniň ýüňi hem goşulypdyr. Ýüňler gelin-gyzlaryň el zähmeti arkaly saýylyp, daralyp, pişge-ýumak edilip taýýar hala getirilýär. Taýýar pişgeden erkek adamlar dürli ýogynlykda, gerek mukdarda tanap işýärler. Her hünärde bolşy ýaly, ýüp, tanap işmek hem ýiti ukyp-başarnygy, abyrsyz zähmeti talap edýär. Esasanam, düýä goşup guýulardan suw çykarmak üçin niýetlenen tanaplary has berk işýärler. Tanaplaryň berk bolmagy üçin pişge taýýarlanýarka ýüňleriň ösgünleri saýlanyp alynýar. Ýüp işilende, düýeleriň örküjiniň üstündäki, gerşiniň iki gapdalyndaky aýratyn ösgün ýüňler peýdalanylýar. Ýüňüň bu görnüşi «çogda» hem «ýagal» diýlip atlandyrylýar.

Ýakasy ýaraşar gözelligine

Men ol gelniň köýneginiň ýakasyna seredip kän oturdym. Ýaka örän çeper, owadan. Ene-mamalarymyzdan miras bolan nusgalyk nagyşlar döwrebap nagyşlar bilen sazlaşykly ýerine ýetirilipdir. Reňkleri-de ýerlikli, öwüşginli. Ilmede edilip, hünji bilen bezelen el işini synlap oturyşyňa gözelligiň çylşyrymlydan syrly ýollarynyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Gelin-gyzlarymyzyň kalp gözelliginden kemal tapýan bu ajaýyplyklar täsinden täsirli dünýäni açýar. Öňler nagyşlary çöp bilen ölçäp, ak sapakda kök atardylar, soň bolsa sökerdiler. Häzir döwrümiziň ösmegi, kämilleşmegi netijesinde kompýuterleşdirilen tikin maşynlarynyň dürli görnüşleri ýüze çykdy. Olar bilen islän nagşyňy salybam, süňňüni çyzybam bolýar. Käbir gelin-gyzlarymyz ak galam bilenem dürli, owadan nagyşlary çyzýarlar. Köýnek biçilenden soň, dikligine ýaka açylýar. Soňra oňa ajaýyp nagyşly ýakalar salynýar. Ýakadaky gyra nagyşlary bilen merkezi nagyşlaryň arasyndan dürli reňkdäki sapaklardan göni çyzyklar geçirilýär. Göni çyzyklaryň arasyna «alaja» edilýär. Merkezi nagyşlar boýundan aşaklygyna gyýlan kesige çenli edilýär. Ýakadaky gyra nagyşlary köplenç boýnuň arkasy bilen aýlanyp salynýar.

Lukmançylyk ylmynyň dürdänesi

Eziz Watanymyzyň dermanlyk ösümlikleri deňsiz-taýsyz tebigy baýlykdyr. Bu tebigy baýlygy halkyň bähbidi üçin ýerlikli we ylmy esasda peýdalanmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň belli bahasy ýokdur. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllyk ylmy-ensiklopedik işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jildi okyjylar köpçüligine gowuşdy. Kitabyň täze jildinde ýurdumyzda ösýän 118 dermanlyk ösümlikleri barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynyň girişinde türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň 500-den köpräginiň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýandygyny belläp geçýär. Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge mynasyp diýip hasaplaýandygy baradaky pikiri okyjylar tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Kämil hünäre gol berip

Golaýda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly geçirildi. Oňa türkmen senetçileri we amaly-haşam sungatynyň ussatlary bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesinden gelen wekiller gatnaşdylar. Bu halkara festiwalyň dowam eden günlerinde Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýörite sergi guraldy. Sergide türkmen halkynyň hem-de dünýä halklarynyň birnäçesiniň senetçiligi, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Sergide senetçilik bilen bagly görkezilen işler, aýratyn-da, milliligimizi dünýä äşgär edýän telpekdir çäkmen ýaly önümler köpleriň üns merkezinde boldy. Telpekdir çäkmen tikip köplere nusga bolýan ussat tikinçileriň işlerini ýakyndan synlap, olar barada söhbet etmek biz üçin has-da ýakymly boldy.

Gymmatlyklara sarpa

Ýurdumyzda gündelik bolup geçýän taryhy wakalar döwrümiziň döredijilik ruhuny açyp görkezmek bilen, halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşaýandygyny, Diýarymyzda asudalygyň, eşretli durmuşyň höküm sürýändigini dabaralandyrýar. Watanymyzyň medeni durmuşynda geçen hepdäniň özünde hem taryhy wakalaryň, giň göwrümli çäreleriň birnäçesi bolup geçdi. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty, «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumyny we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergini, Lebap welaýatynda üstünliklere beslenen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly, şeýle-de welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde guralan «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahatyny agzamak örän ýakymlydyr. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahata gatnaşm

Edepli ile ýarar

Edep ynsanyň esasy bezegi. Edepli, terbiýeli, kämil hünärli çaganyň maşgala-da, döwlete-de, jemgyýetimize-de gerekdigine gowy düşünen ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz bu işe irgözinden başlap, jogapkärli çemeleşip, çaganyň edep-ekramyna heniz kiçiliginden aýratyn üns beripdirler. Aslynda «edep» sözüniň terbiýe, sypaýylyk, hoş gylyklylyk diýen manysy bar. Edep bilen baglanyşykly öwüt-ündewler nusgawy edebiýatymyzyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitapda hem edep baradaky pähim-paýhaslaryň ençemesi bar. Durmuş ýörelgesiniň çyragyna öwrülen bu kitapdaky pähim-paýhaslaryň maşgala üçin-de, bilim ojaklary üçin-de uly gollanma bolup hyzmat edýändigini guwanç bilen belläp geçmek isleýäris. Kitapdaky edep bilen baglanyşykly şu pähim-paýhaslar bilen tanşan her bir okyjy olaryň ýaş nesillerimiz üçin terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyna göz ýetirerler.

Kendirik

Türkmeniň her bir öýünde, ojagynda mukaddes zat hökmünde saklanylyp, ulanylyp gelinýän kendirigiň içinde hemişe un saklanylýar. Oňa «urba» hem diýilýär. Munuň özi şol öýüň maşgala binýadynyň dowam edip durmagynyň, rysgal-berekediniň kemelmezliginiň alamatyny aňladýar. Bu barada mähriban gelin-gyzlarymyzyň toý-baýramlarymyzda höwes bilen ýerine ýetirýän küştdepdilerinde şeýle setirler bar: Maşgalanyň öýlerinde, Kendirikde urba bolsun!«Urba» diýmek, «dowam» diýmek, Nesil önüp-örňäp dursun!