Kämil hünäre gol berip

18 Oktýabr 2022
474

Golaýda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly geçirildi. Oňa türkmen senetçileri we amaly-haşam sungatynyň ussatlary bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesinden gelen wekiller gatnaşdylar.

Bu halkara festiwalyň dowam eden günlerinde Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýörite sergi guraldy. Sergide türkmen halkynyň hem-de dünýä halklarynyň birnäçesiniň senetçiligi, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Sergide senetçilik bilen bagly görkezilen işler, aýratyn-da, milliligimizi dünýä äşgär edýän telpekdir çäkmen ýaly önümler köpleriň üns merkezinde boldy. Telpekdir çäkmen tikip köplere nusga bolýan ussat tikinçileriň işlerini ýakyndan synlap, olar barada söhbet etmek biz üçin has-da ýakymly boldy.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.