Gymmatlyklara sarpa

18 Oktýabr 2022
361

Ýurdumyzda gündelik bolup geçýän taryhy wakalar döwrümiziň döredijilik ruhuny açyp görkezmek bilen, halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşaýandygyny, Diýarymyzda asudalygyň, eşretli durmuşyň höküm sürýändigini dabaralandyrýar. Watanymyzyň medeni durmuşynda geçen hepdäniň özünde hem taryhy wakalaryň, giň göwrümli çäreleriň birnäçesi bolup geçdi. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty, «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumyny we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergini, Lebap welaýatynda üstünliklere beslenen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly, şeýle-de welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde guralan «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahatyny agzamak örän ýakymlydyr.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahata gatnaşmak bagtyna eýe bolandygyma örän begenýärin. Bu maslahatda täsirli çykyşlaryň birnäçesini diňledik. Onda Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň wekilleriniň hem online görnüşinde çykyş etmegi bu halkara çärä gyzyklanmamyzy artdyrdy.

Akgözel HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.