Alabaý – biziň milli buýsanjymyz

20 Oktýabr 2022
594

Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr. Ynsan ilki tüm Zemine gelende, onuň daşyny her hili jandarlar gurşanmyşyn. Şonda oňa duýgudaşlygyny bildiren itler bolupdyr diýýärler. Bu bir rowaýat, ýöne rowaýat hem tötänden döremeýär.

Behişdi ahalteke bedewimiz – baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndan.