Tanap işmek

19 Oktýabr 2022
618

Tanap, ýüp çarwa durmuşynda ýygy-ýygydan ulanylýar. Häzirki wagtda tanaplaryň dürli görnüşleri döwrebap tehnologiýalar esasynda köpçülikleýin öndürilýär.

Geçmişde zerur bolan tanaplary elde işip taýýarlapdyrlar. Tanap işmek üçin esasy çig mal goýnuň ýaz ýüňi bolup, oňa geçiniň çöpüri, düýäniň ýüňi hem goşulypdyr. Ýüňler gelin-gyzlaryň el zähmeti arkaly saýylyp, daralyp, pişge-ýumak edilip taýýar hala getirilýär. Taýýar pişgeden erkek adamlar dürli ýogynlykda, gerek mukdarda tanap işýärler. Her hünärde bolşy ýaly, ýüp, tanap işmek hem ýiti ukyp-başarnygy, abyrsyz zähmeti talap edýär. Esasanam, düýä goşup guýulardan suw çykarmak üçin niýetlenen tanaplary has berk işýärler. Tanaplaryň berk bolmagy üçin pişge taýýarlanýarka ýüňleriň ösgünleri saýlanyp alynýar. Ýüp işilende, düýeleriň örküjiniň üstündäki, gerşiniň iki gapdalyndaky aýratyn ösgün ýüňler peýdalanylýar. Ýüňüň bu görnüşi «çogda» hem «ýagal» diýlip atlandyrylýar.

Begenç BAÝNEPESOW.