Ýakasy ýaraşar gözelligine

19 Oktýabr 2022
541

Men ol gelniň köýneginiň ýakasyna seredip kän oturdym. Ýaka örän çeper, owadan. Ene-mamalarymyzdan miras bolan nusgalyk nagyşlar döwrebap nagyşlar bilen sazlaşykly ýerine ýetirilipdir. Reňkleri-de ýerlikli, öwüşginli. Ilmede edilip, hünji bilen bezelen el işini synlap oturyşyňa gözelligiň çylşyrymlydan syrly ýollarynyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Gelin-gyzlarymyzyň kalp gözelliginden kemal tapýan bu ajaýyplyklar täsinden täsirli dünýäni açýar.

Öňler nagyşlary çöp bilen ölçäp, ak sapakda kök atardylar, soň bolsa sökerdiler. Häzir döwrümiziň ösmegi, kämilleşmegi netijesinde kompýuterleşdirilen tikin maşynlarynyň dürli görnüşleri ýüze çykdy. Olar bilen islän nagşyňy salybam, süňňüni çyzybam bolýar. Käbir gelin-gyzlarymyz ak galam bilenem dürli, owadan nagyşlary çyzýarlar. Köýnek biçilenden soň, dikligine ýaka açylýar. Soňra oňa ajaýyp nagyşly ýakalar salynýar. Ýakadaky gyra nagyşlary bilen merkezi nagyşlaryň arasyndan dürli reňkdäki sapaklardan göni çyzyklar geçirilýär. Göni çyzyklaryň arasyna «alaja» edilýär. Merkezi nagyşlar boýundan aşaklygyna gyýlan kesige çenli edilýär. Ýakadaky gyra nagyşlary köplenç boýnuň arkasy bilen aýlanyp salynýar.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».