Çagalyk dosty — wepaly dost

25 Oktýabr 2022
639

Durmuşda akyl ýetirmegiň iň ilkinji basgançagy çagalykdan başlanýar. Şonda ähli alynýan maglumatlar hakyky bolşy ýaly kabul edilýär. «Çaga ak asman ýaly arassa» diýleninde, heniz beýnisi bekemedik ýaş çaganyň özüni alyp barşynyň tebigy ýaradylyşyna has laýyk gelýändigi nazara alynýar. Käbir ýagdaýlarda hojalygymyzda ýaşaýan eldeki haýwanlaryň çagalara tiz öwrenişýändigini, olary basym tanaýandygyny hem şu sebäp bilen düşündirseň bolar.

Ýaş çagalar, aglaba ýagdaýda, ýetginjekler it edinmegiň höwesinde bolýarlar. Käteler bolsa, ýaňy dil biten, bäş-üç ýaşyndaky çagalar hem it edinmek hakyndaky isleglerini ene-ata mälim edýärler. Olaryň şonda ite ideg etmäge fiziki mümkinçiligi hemişe ýetip hem durmaýar. Ýöne ullakan, göwresi özi bilen deňme-deň gelýän alabaý — çagalaryň arzuwy. Onsoň, alabaý güjüjegi alyp, oglany arzuwyna ýetirýärler. Oglanyň gökdäki dilegi ýerde gowuşýar. Alabaý güjügi oňa hakyky dost bolýar. Oglanjyk oňa öz isleýşi ýaly, Garagöz, Peleň, Akbaý diýen ýaly atlary dakýar. Şeýdibem, batyrlyk hakyndaky çagalyk hekaýatlarynyň gahrymany oglanyň ýanynda peýda bolýar.