Milli baýlyk — ruhy hazyna

24 Oktýabr 2022
654

Asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelýän baý milli gymmatlyklarymyz bar. Heňňamlaryň jümmüşinden aşyp, biziň şu günki günlerimize çenli öz gözelligini, nepisligini, dillerde dessanlygyny ýitirmän gelýän milli şaý-seplerimiz ata-babalarymyzyň gelin-gyzlarymyza goýýan sarpasynyň aýdyň şöhlelenmesidir.

Milli şaý-seplerimiz ussat zergärlerimiz tarapyndan sünnälenip döredilen sungat eseridir. Olar ajaýyp nagyşlaryny tebigatyň inçe gözelliklerinden alyp gaýdýarlar. Gadymy döwürlerde şaý-sepleri diňe pöwrize, nefrit, oniks, hakyk ýaly mineral daşlar bilen bezän bolsalar, soňabaka olarda aýna daşlaryny hem ulanyp başlapdyrlar. Uly yhlas siňdirilip, nepis bezelen milli şaý-seplerimiz özboluşlylygy hem-de deňsiz-taýsyzlygy bilen tapawutlanyp, başga hiç bir halkda duş gelmeýär.

Bilbil ÇARYÝAROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.