Millilik — ýaş nesle ýörelge

19 Oktýabr 2022
428

2015-nji ýylda Maryda ilkinji “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyşyna taýýarlyk işlerine milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň janköýerleriniň uly topary, şol sanda ussat halyçy we mirasgär zenan Haljan Ilamanowa hem çekilipdi. Äpet ak öýüň bir böwrüniň bezegini boýnuna alan Haljan orta mekdepde okaýan ogly Şageldi bilen bu ýakymly we hormatly ýumşy berjaý edip ýörkäler, şeýle ajaýyp keşbi öz öýlerinde döretmek pikirine geldi. Türkmenistanyň Medeniýet institutyna muzeý işini guramak hünäri boýunça okuwa giren Şageldiniň öwrenýän nazary biliminiň we ejesiniň toplan baý mirasynyň birikmeginden kemala gelen öý muzeýi bu gün geljekler, görjekler, öwrenjekler üçin kaşaň gapysyny açdy. Mary etrabynyň Täze oba geňeşliginde, Marynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýyndaky obada ýaşaýan Ilamanowlar öz ojaklarynda öz “Ak öýlerini” döretdiler. Gapysyna we içine “Türkmeniň ak öýi” binasynyň şekili berlen daşky giň otag türkmeniň medeniýetine we sungatyna degişli milli gymmatlyklaryň nusgalaryny özünde jemleýän öý muzeýine öwrüldi.

Bu muzeýe gelýänleriň nazary ilki bilen türkmeniň öý-ojaklarynyň we kalplarynyň töründen orun tapan Arkadagymyzyň, onuň türkmene haýyr getiren ýol-ýörelgelerini dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň nurana keşplerine düşýär. Hemme zat gadymy türkmen öýünde bolmalysy ýaly: bosaga, tör, dul, böwür, ojak... Ussat halyçy Haljan Ilamanowanyň dürli ýyllarda öz elinden çykan haly horjunlary, çuwallary, düýphalylary, halyçalary we kän görnüşli haly-bezeg önümleri nepisligi bilen haýran galdyrýar. Bezemen çaga sallançagy, Haljanyň aýal doganlarynyň bejeren kürteleridir çabytlary, mähriban ejesinden ýadygärlik galan heýkel, milli şaý-sepler, türkmen öýlerinde ulanylan gadymy gap-gaçlar, haly gaplardaky dutardyr-gyjak ýaly saz gurallary, kümüş kündük, mis tüňçe — bularyň hemmesi öý bikesi Haljanyň dilinde türkmeniň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, yrymlary baradaky joşgunly, tolgundyryjy, gyzykly gürrüňleriň çeşmesine öwrülýär.