Döwrümiziň bagtyýarlygy çagalaryň meňzinde

19 Oktýabr 2022
559

Halkymyz çagalary durmuşyň gülüne, geljegimize şöhle saçýan güneşe meňzedýär. Hormatly Prezidentimiz: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeleri, gazanylýan ösüşleri ýaş nesliň bagtly geljegine gönükdirýär. Iň çetki oba-şäherlerde hem gurulýan döwrebap çagalar baglaryny, ylmyň iň täze gazananlary hem-de öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta mekdepleri göreniňde, ertirki günümiziň bagtyýarlyk bossanlygynda mekan tutandygyna bolan ynamyň berkeýär.

Maşgala abadançylygy, nesil saglygy hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň ýiti öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzda çagalaryň sagdyn kemala gelmekleri, döwrebap ylym-bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bilim we terbiýeçilik edaralarynda okuw meýilnamasyna laýyklykda körpelere okuw, ýazuw endikleri, bedenterbiýe-sport, zähmet we döredijilik sapaklary bilen birlikde häzirkizaman kompýuterlerine özbaşdak erk etmek öwredilýär.

Muhabbat HAÝDAROWA,
Çärjew etrabyndaky 1-nji «Gözel» çagalar-bakja bagynyň terbiýeçisi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň agzasy.