Owaz döredýän küýzeler

19 Oktýabr 2022
561

Şeýle bir ýagdaýy göz öňüne getiriň: mundan 10 ýyl ozal hem siz başga bir iş bilen meşgullanýardyňyz. Birdenkä, haýsydyr bir ýagdaý ünsüňizi özüne çekdi-de, küýze ýasamaga gyzyklandyňyz. Gözellik-dä, bu! Garaşman durkaň çykýar-da, özüne baglaýýar. Ine, onsoň höwesjeň hökmünde mundan 10 ýyl ozal ilkinji küýzeleriňizi ýasap başlaýarsyňyz. Küýzegär — külal hökmünde gatnaşan ilkinji sergiňiz halkara sergi bolar diýseler, şol ýyllarda ynanarmydyňyz? Megerem, ynanmasaňyz gerek. Ýöne bu ýazanlarymyzyň ählisi türkmenabatly küýzegär Ruslan Rejebowyň durmuşynda hakykata öwrüldi.

Türkmenabat şäherinde geçirilen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň çäklerinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergä baran bolsaňyz, siz hem Ruslana degişli bölümiň deňinden biparh geçip bilen dälsiňiz. Biz hem şeýle ahwalyň täsirine gaplandyk. Muzeýde ýaňlanyp duran ähli sazlardan şirin küýzeden akýan suwuň owazyny diýermiň (Ol bu işini «Jykyr» diýip atlandyrypdyr), ak hem gyzyl reňkli küýzeleriň özüne çekiji bezegi diýermiň ýa-da hut serginiň özünde täze küýzäniň dünýä inmegine şaýat bolmak diýermiň, garaz, türkmenabatly küýzegäre bölünip berlen ýerdäki serginiň deňinde aýak çekip, ünsüňi egläre sebäp kän.

Maral AGAMYRADOWA.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.