Magtymguly we «Döwlet guşy» romany

20 Oktýabr 2022
1115

Tutuş milletiň ruhuny kalba jem eýläp, şygra öwürmegiň hötdesinden ussatlarça gelmegi başaran, berkarar döwlet islän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bilen hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň arasynda berk baglanyşyk bar. Hormatly Arkadagymyzyň: «Türkmen halky özüniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan wasp edilen mertebe, adyllylyk, watançylyk, zähmet we myhmansöýerlik, döredijilik, parahatçylyk we asudalyk ýaly ýörelgeleri, ata-babalarymyzyň gany bilen geçen ynsanperwerlik ýaly oňat häsiýetlerini saklap, olary asyrdan-asyra geçirip gelýär. Hut şu häsiýetler we ýörelgeler bolsa ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň özenini, düýp manysyny düzýär» diýen sözleri taryhy taýdan hakykylygy bilen ýüreklere ýakyndyr.

«Döredilýän eserler durmuşdan üzňe däl-de, çuň manyly, ýokary çeperçilikli, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny we durmuş hakykatyny beýan edýän eserler bolmalydyr» diýýän hormatly Arkadagymyzyň hut öz ylhamynyň önümi bolan «Döwlet guşy» romanynda aýdylanlaryň beýanyna açyk-aýdyň göz ýetirýäris. Romanyň baş gahrymany, eseriň awtorynyň — hormatly Arkadagymyzyň kakasy, Arkadagly Serdarymyzyň atasy Mälikguly aga.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».