Lukmançylyk ylmynyň dürdänesi

18 Oktýabr 2022
564

Eziz Watanymyzyň dermanlyk ösümlikleri deňsiz-taýsyz tebigy baýlykdyr. Bu tebigy baýlygy halkyň bähbidi üçin ýerlikli we ylmy esasda peýdalanmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň belli bahasy ýokdur. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllyk ylmy-ensiklopedik işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jildi okyjylar köpçüligine gowuşdy. Kitabyň täze jildinde ýurdumyzda ösýän 118 dermanlyk ösümlikleri barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Gahryman Arkadagymyz bu kitabynyň girişinde türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň 500-den köpräginiň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýandygyny belläp geçýär. Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge mynasyp diýip hasaplaýandygy baradaky pikiri okyjylar tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Batyr ALLAGULYÝEW,
Myrat GARRYÝEW adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.