Edepli ile ýarar

18 Oktýabr 2022
554

Edep ynsanyň esasy bezegi. Edepli, terbiýeli, kämil hünärli çaganyň maşgala-da, döwlete-de, jemgyýetimize-de gerekdigine gowy düşünen ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz bu işe irgözinden başlap, jogapkärli çemeleşip, çaganyň edep-ekramyna heniz kiçiliginden aýratyn üns beripdirler. Aslynda «edep» sözüniň terbiýe, sypaýylyk, hoş gylyklylyk diýen manysy bar.

Edep bilen baglanyşykly öwüt-ündewler nusgawy edebiýatymyzyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitapda hem edep baradaky pähim-paýhaslaryň ençemesi bar. Durmuş ýörelgesiniň çyragyna öwrülen bu kitapdaky pähim-paýhaslaryň maşgala üçin-de, bilim ojaklary üçin-de uly gollanma bolup hyzmat edýändigini guwanç bilen belläp geçmek isleýäris. Kitapdaky edep bilen baglanyşykly şu pähim-paýhaslar bilen tanşan her bir okyjy olaryň ýaş nesillerimiz üçin terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyna göz ýetirerler.

Ýakup KYÝASOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.