Iň sogaply ýeri

19 Oktýabr 2022
514

«Ýagşy niýet — ýarym döwlet». Ýagşylyk — bagta ýetmegiň, yrylmaz rysgal-berekede eýe bolmagyň we sogap gazanmagyň ýeke-täk ýoly. Hut şonuň üçin pederlerimiz il-güne ýagşylyk etmegiň hem-de kalbyňda ýagşy niýet-islegleri jemlemegiň ähmiýeti barada bize gymmatly pähim-paýhaslary miras galdyrypdyrlar. Ýagşylygy bilen ýalkanyp, sogaply işleri bilen alkyşlanylan pederlerimiziň görüm-göreldesiniň, edep-terbiýesiniň mynasyp dowam etdirilmegi şu günki ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Hut şu mynasybetli il-güne ýagşylyk etmegiň iň sogaply ýeri hakda aýdylanlaryň käbirini siz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Toý-märekede köpçüligiň naharyny bişireniňde, onuň iň sogaply ýeri: tagam taýýar bolup, mähellä äberilmezinden öň üç gezek sowurmakdadyr we nahara dem bermekdedir.

Gülşat ROZYÝEWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň ilkinji guramasynyň agzasy.