Kendirik

18 Oktýabr 2022
441

Türkmeniň her bir öýünde, ojagynda mukaddes zat hökmünde saklanylyp, ulanylyp gelinýän kendirigiň içinde hemişe un saklanylýar. Oňa «urba» hem diýilýär. Munuň özi şol öýüň maşgala binýadynyň dowam edip durmagynyň, rysgal-berekediniň kemelmezliginiň alamatyny aňladýar. Bu barada mähriban gelin-gyzlarymyzyň toý-baýramlarymyzda höwes bilen ýerine ýetirýän küştdepdilerinde şeýle setirler bar:

Maşgalanyň öýlerinde,
Kendirikde urba bolsun!
«Urba» diýmek, «dowam» diýmek,
Nesil önüp-örňäp dursun!

Oguljennet ALLAMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.