Akgaýma tahýa (Rowaýat)

25 Oktýabr 2022
586

Gadym wagtlarda çarwa obalarynyň birinde sekiz ogully bir goja ýaşapdyr. Bu maşgalanyň ýedi ogly öýli-işikli bolupdyr. Goja öz ogullaryna guwanypdyr. Nesibeli gün ol körpe ogluny hem öýeripdir.

Emma ýaňy toýy sowan günleri bir atly ýigit oba şum habar getirip, goňşy oba ýagy çozandygyny aýdýar. Bu habary eşiden goja derrew oba ýaşulularyny ýygnap, maslahat edýär. Ýaşulular geňeşip, goňşy oba kömege gitmeli diýen karara gelýärler. Gojanyň sekiz ogly hem sekiz ýerden atlanypdyrlar. Şonda ýaşulynyň iň kiçi ogly täze gelni bilen hoşlaşyp: «Sag-aman geleris, gaýgy etme. Öýüň hyzmaty bilen boluber» diýipdir. Şeýdip, başy kürteli ýaş gelin söwer ýaryny ýagşy niýet bilen ýola salypdyr. Birnäçe wagtdan soň gidenleriň köpüsi gaýdyp gelipdir, birnäçesi bolsa gelmändir. Gelmedikleriň arasynda gojanyň hem ogullary bar eken.

Bekgi ARSLANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.