"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Golýazmalaryň gözleginde

Halkymyzyň milli mirasyny çuňňur öwrenmekde türkmen akyldarlarynyň we nusgawy şahyrlarynyň golýazma eserleri ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda şeýle gymmatly eserleriň müňlerçesi bolup, olar aýawly saklanýar. Institutda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýatlary netijesinde, ýurdumyzyň çäklerinde, daşary ýurtlarda milli mirasymyzyň gadymy golýazma çeşmelerini gözläp tapmak, toplamak işleri giň gerimde amala aşyrylýar. Türkmen alymlaryndan düzülen toparlar daşary döwletleriň 40-dan gowragynda iş saparynda boldular. Şonuň netijesinde ýurdumyza ençeme golýazmalaryň surat nusgalary getirildi. Ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen bagly geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, institutyň ylmy işgärleri Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldular. Olar akyldar şahyryň ömrüne we döredijiligine, türkmen halkynyň taryhyna, edebiýatyna degişli golýazmalary gözläp tapmak, olaryň surat nusgalaryny Watanymyza getirmek maksady bilen ylmy-gözleg işlerini alyp bardylar.

Milliligimiz dünýä ýaýylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny aýap saklap, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň netijesinde ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Halaç etrabyndaky çeper halyçylyk kärhanasynda hem haly we haly önümlerini dokamakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde halyçy gelin-gyzlaryň 2 müň 300-den gowragy yhlasly zähmet çekýär. Olaryň çeper ellerinden çykýan tegelek, trapesiýa ýaly dürli görnüşdäki halylar içerki we daşarky bazarlarda islegli önümleriň hatarynda tanalýar. Şeýle-de bu ýerde dokalýan haly horjunlary, gapjyklar, zenan ýantorbalary, gapylyklardyr beýleki dürli görnüşli sowgatlyk haly önümleri gözelligi, nepisligi, özüneçekijiligi bilen tapawutlanýar.

Ussa doganlar

Pederlerimiziň «Ata kesbi — ogla halal» diýen parasatly pähiminiň durmuş hakykatyna öwrülendigini Hudaýberdiýewleriň agzybir we zähmetsöýer maşgalasynyň mysalynda hem görmek bolýar. Maşgalabaşy Nuritdin aga etrapda ilkinji bolup agajy gaýtadan işlemek boýunça telekeçilik işine girişen bolsa, indi ýaşuly ussanyň ogullary onuň yzyna eýerýärler. Hawa, Farap şäherinde ýaşaýan ussa doganlar Jelaleddin we Jemşitdin ýurdumyzda el hünäri bilen gözellik döredýän ýaşlar hökmünde giňden tanalýarlar. Olar hususy kärhanasynda agaç çemçelerden başlap, gapydyr derwezeleri, aşhana we öý mebellerini, oturgyçlardyr basgançaklary ýasamakda çekýän agzybirlikli zähmeti bilen gün-günden adygýarlar. Nuritdin aga ogullarynyň ikisiniň hem agaç ussaçylygyny özlerine kär hökmünde saýlandyklaryna buýsanýar. Çünki ýaşuly ussa eliňden gelýän iş bilen iliň möhümini bitirmegiň uly sogapdygyny aýdýar. Şeýle-de bu hususyýetçilik işi agzybir maşgala agzalarynyň ählijesiniň güýjüni-de bir ýere jemledi. Agzybirlikli çekilen zähmet bolsa elmydama üstünlige ýetirýär. Ataly-ogullaryň ýany bilen kärhanada ýene-de agaç ussalaryň 15-si iş alyp barýar. Olar diňe bir agaç önümlerini ýasamak däl, eýsem, öýlere ýa-da kärhanalara baryp, dürli ölçegdäki mebel önümlerini gurnamak, bezemek işlerini-de ýerine ýetirýärler. Şeýle hem ýaş ussalaryň öz işlerinde döwrebap enjamlardan hem peýdalanýandyklaryny ýatlamak gerek. Elinden

Haly — halat, bedew — bagt

Näme üçin Ýer ýüzüniň islendik künjünde türkmen diýlende, ýerli ynsanlaryň göz öňünde ilki bilen, nepis halylarymyzdyr gamyşgulak bedewlerimiz janlanýarka?! Bu sowala her bir ynsanyň öz garaýşy boýunça jogap berjegi magat. Şol jogaplaryň ählisiniň mazmuny-da halkymyzyň milli gymmatlyklarymyzy sungat derejesine ýetirmegi başarandygy bilen baglydyr. Hawa, halysyny hakydasyna, bedewini uçar ganatyna öwren halkymyz, milli gymmatlyklaryny nesilden-nesle peder mirasy hökmünde geçirip gelýär. Göreni bendi edýän bu milli gymmatlyklarymyz türkmen adynyň dünýä aňyndaky keşp janlanmalarynyň biri hökmünde öňe çykýar. Elbetde, halk döräli bäri onuň ýaşaýyş-durmuşyndan, ruhy ahwalyndan üzňe bolmadyk islendik närse şol ýere mahsus aýratynlygy bilen atlandyrylýar. Bu sözümize äleme çawy ýeten oguz halylary hem-de türkmeniň ahalteke atlary diýen jümleler doly subutnamadyr. Gözelligiň, ýyndamlygyň, wepadarlygyň iň naýbaşy nusgasyna öwrülen gamyşgulak bedewini behişdi saýýan halkymyz heňňamlar içre olary tarypa mynasyp dürli esbaplar bilen bezäp gelýärler. Şol esbaplaryň aglabasy-da, ezber elli türkmen zenanlarymyzyň taýýarlaýan keçe, palas, haly önümleridir. Daşyndan synlasaň, diňe bir bezeg beriji at esbaplary ýaly görünýän bu önümler we olara salynýan tagma şekilleri, nagyşlar, gölçeler hem-de göller halkyň döwürlerdäki ruhy ahwalynyň beýannamasydyr.

Umumadamzat gymmatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti hem beýik galkynyşy başdan geçirýär, medeni gymmatlyklarymyz dünýä halklaryna giňden tanyşdyrylýar, umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimize ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktorynyň geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň abraýly sanawynyň üstüni türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly ugurlaryň ýetirendigine degişli sertifikatlary gowşurmagy ähli halkymyzda uly şatlyk, guwanç, buýsanç duýgularyny döretdi. Arkadagly Serdarymyz bu wakanyň öz baý mirasyny aýawly saklap, nesilden nesle geçirýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi. ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanyl

Türkmen kalbynyň aýnasy

Her bir halk dünýä beren gymmatlyklary bilen tanalýar. Türkmen halky hem özüniň ajaýyp, nepis halysy bilen dünýä ýüzüni haýrana goýdy. Halyçylyk sungaty asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip, özüniň gymmatyny ýitirenok. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplary bolsa bu gadymy sungaty buýsanç bilen dowam etdirýän halyçylarymyz üçin uly serpaý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halysy ýeňişleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň ajaýyp türkmen tebigatyna çalymdaş giň dünýägaraýyşly halkymyzyň gözellik mukamydyr, türkmen zenanlarynyň umumadamzat ösüşine peşgeş beren bakylyk mukamydyr» diýip, belleýän sözlerini okanyňda bu nepis halyçylygy sungat derejesine ýetiren mähriban ene-mamalarymyza bolan guwanjyň has-da artýar. Häzir türkmen halylary halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde has-da dabaralanýar hem-de kämilleşdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly üstünliklere, ösüşlere besläp bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletimizde her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynda ussat hem halypa halyçylara hormatly atlar dakylyp, döwlet sylaglary gowşurylýar. Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň, Milli Lider

Şanyň doldy giň jahana

Halkymyz pederlerimizden miras galan milli maddy we medeni gymmatlyklary aýamagy, döwrebaplaşdyrmagy, kämilleşdirmegi bilen ata Watanymyzy Ýer ýüzüniň iň iri halkara guramasy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň işjeň hyzmatdaşlarynyň birine öwürdi. Ösüşiň milli nusgasyny ýörelge edinen döwletimiz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustyndan bäri bu halkara guramanyň doly hukukly agzasydyr. Özara hyzmatdaşlygyň 30 ýylynyň dowamynda birnäçe medeni-taryhy ýadygärliklerimiz, şeýle-de ruhy mirasymyz umumadamzat gymmatlygynyň nusgalyk görnüşi hökmünde sanawa girizildi. Olardan döwlet özbaşdaklygynyň ilkinji senelerinden, ýagny 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni hem-de tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasy kabul edilenden soň, dürli wagtda bu halkara gurama tarapyndan hasaba alnan «Gadymy Merw», «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanalary, Köne hem-de Täze Nusaý galalary görkezmek bolar. Şol bir wagtda türkmen topragyndan ýüze çykarylan ýadygärlikleriň aglabasynyň hem ÝUNESKO-nyň hasabynda durandygyny bellemelidiris. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşulmagy bilen halkyň egsilmez ruhy hazynalaryndan «Görogly» dessançylyk sungaty, Nowruz baýramy, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmeniň milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz

Döwrebap lybaslar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli çeper elli zenanlaryň arasynda geçiren bäsleşigi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwrebap lybaslary» diýlip atlandyryldy.

Gözellige keşt eýleder keşdeler

Milli gymmatlyklarymyzdan «Türkmen keşdeçilik sungaty» görnüşiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizilmegi şatlykly wakalaryň biri boldy. Çünki bakylyga eýlenip, nesilden-nesle geçip gelýän bu sungat her birimiziň, şol sanda gelin-gyzlarymyzyň kalbynyň soňlanmajak aýdymydyr. Külli türkmeniň enesi Ogulabat ejäniň meşgullanan, ussatlyk bilen baş çykaran keşdeçilik sungaty inçe we arzyly sungatlaryň biri bolup durýar. Şeýledigi üçin ata-babalarymyz inçe hasaplanýan işlere, onuň ýeňil däldigini nygtamak maksady bilen, «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýip baha beripdirler. Ähli döwürlerde-de «iňňe bilen guýy gazan» zenanlarymyzyň söýgüdir yhlasyndan ajaýyp keşdeler — hakyky sungat döräpdir. Bu sungat nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolupdyr. Munuň şeýledigine häzirki keşdeleriň hem asyl nusgasynyň gadymy nagyşlardan ybaratdygy aýdyň şaýatlyk edýär.

Şorta sözüň ussady

Türkmen halky şahandaz, çeper söze gadyr goýýan halk hasaplanýar. Parasatly, dana pederlerimiz «Hoş söz gahary ýeňer», «Kinäni söz açar», «Köp bil, az sözle», «Söz bilen dünýä dolar», «Süýji söz — baldan artyk», «Ýagşy söze daş ýarylar», «Ýazylyp alynmadyk söz — ýiten hazyna» diýen ajaýyp nakyllary nesillere miras goýupdyr. Halkymyz dana, parasatly, şahandaz, wäşi adamlaryň pähim-paýhasa ýugrulan sözlerini nesilden-nesle geçirip gelipdir. Biz muny halk döredijilik eserlerimiz bolan nakyllaryň, şorta sözleriň, ertekileriň, dessandyr şadessanlaryň, nusgawy edebiýatyň görnükli wekilleriniň şahyrana eserleriniň mysalynda hem aýdyň görýäris. Ýer ýüzünde pähim-paýhasy, wäşiligi, dilewarlygy bilen meşhur bolan Ependiniň şorta sözleri hem dürli toý-baýramlaryň bezegine öwrülipdir. Onuň ady bilen baglanyşykly şorta sözleri bagşy-sazandalar, rawylar, suhangöýler ussatlyk bilen aýdyp, halk köpçüligine, märekä hezil beripdirler, olaryň göwünlerini galkyndyrypdyrlar. Ependi ençeme halklaryň arasynda molla Ependi, Hoja Nasreddin, molla Nasreddin ýaly atlar bilen meşhurlyga eýe bolupdyr. Nasreddin Ependiniň ady bilen bagly şorta sözleriň XIII asyrdan gözbaş alyp gaýdýandygy, onuň şol döwürde ýaşandygy, Türkiýäniň Akşehir diýen ýerinde Hoja Nasreddiniň kümmetiniň häzire çenli saklanyp galandygy, onuň Seljuklar döwründe gurlan bolmagynyň mümkindigi barada maglumatlar bar. XV asyra degişli bolan

Keşdäniň keşigi heserli...

Şol heser bilen «keselläp», gijeler ýatman, onluk çyranyň ýagtysyna keşde çekip, ertir gündogardan lowurdap Gün doganda, türkmeniň türkanaja öýünde läle ýaly keşdesi bilen ýene bir Gün dogduran keşdeçi gelin-gyzlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň sany, gör, näçekä?! Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçiligiň we dokmaçylygyň çawy dünýä ýaýraýarka, gelin-gyzlarymyza bu jadyly sungat hakynda içgin gürrüň bermegi makul bildik. Aslynda, şeýle nepisligi döreden ýüpek sapagyň Günüň tylla tyglaryndan misil tutulyp, süýlendigi barada aýtgy bar. Messan basyp, seýle çykan joralaryň ak sümege öwrülen bir petde siňrene gözleri düşüpdir. Haýsy ýeliň, neneňsi güýjüň getirendigini bilmeseler-de, bili bogdajyk akja pileler olaryň ünsüni örkläpdir. Gyzlar gara gazana suw guýup, pileleri gaýnadanlarynda, täsin bir hakykata gabat gelenmişler. Akja gozalar ýumşap, uç berenmiş. Gün şöhlesine aşyk gözelleriň biri ony süýüp goýberipdir welin, ynha, kelep-kelep ýüpek sapak bolup duruberipdir. Älemgoşaryň ýedi reňkini özara paýlaşyp, göwünlerini hoşlaýan joralar öz sadaja külbelerinde älemgoşaryň çykaryny isläpdirler. Gysgajyk baharyň täsin gülleriniň ömrüni uzaltmak isleýänlerem tapylypdyr. Şeýdip, gözellik bilen jadylanan näzik göwünli gözellerimiz reňkleri-de tebigatyň özünden alanmyşlar. Tokmak ýaly gara saçlaryny gö

Türkmenistan — ÝUNESKO: medeni diplomatiýamyzyň ýeňişleri

Ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dünýäde medeniýetiň, sungatyň gülläp ösýän mekanyna öwrüldi. Türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, şeýle-de 15-nji maýda degişli güwänamalaryň ýurdumyza gelip gowuşmagy ähli halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň buýsanjyny artdyrdy. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň medeni ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri geçmişimiziň baý taryhy hakydasyny dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Bu babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Geçen ýyllarda bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda uly tejribe toplandy. Dabarasy dünýä dolan beýik döwletimiziň başlangyjy bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna birnäçe milli gymmatlyklarymyzyň girizilmegi milli mirasymyzyň dünýä içre dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmen keşdeçiliginiň taryhy kökleri

Türkmen halkynyň sungat derejesine ýetiren milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdeçilikdir. Müňýyllyklardan gözbaş alýan nagyşlaryň, keşdeleriň nepisligi, owadanlygy dünýä halklaryny haýrana goýýar. Türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamalaryň gelip gowuşmagy ony aňryýany bilen subut edýär. Hepdäniň sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolup geçen aýdym-sazly dabaraly maslahat hut şu taryhy waka bagyşlanyp, medeni däplerimiziň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň beýanyna öwrüldi. Türkmen zenanlary gadymy döwürlerden bäri ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işleriniň keşde, köjüme, basma, ilme, gaýma ýaly birnäçe usullaryny ýerine ýetiripdirler. Keşde çekmeklik eneden gyza, gelinden baldyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelipdir. Gyzjagazlar keşde öwrenende ilkinji eden işini «Keşdäm tekiz bolsun!» diýip, suwa akdyrypdyrlar. «Keşdäm il-günüme peýdaly bolsun!» diýip, obadaky garry aýallardan birine sowgat beripdirler.

Döredijilik duşuşygy

Golaýda Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýinde halypa sazanda, ussat senetkär Bally Kadyrow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. 96 ýaşy arka atan Bally aga öz durmuş we sungat ýoly barada gürrüň berip, gargydyr dilli tüýdükde «Düşmüş», «Sen-sen», «Garybym», «Gelinler» ýaly halk sazlaryny ýerine ýetirdi. Şeýle-de, ol öz taýýarlan milli telpegimizi, ýasan dilli we gargy tüýdüklerini, suw kädisinden ýasan güldanlaryny muzeýimize sowgat berdi.

Halypa hormaty

Gadymy Mary topragynda halkyň hakydasynda orun alan birnäçe bagşydyr sazandalar ýaşap geçipdirler. Şeýle ussatlaryň biri-de Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Amannazar Ataýewdir. Geçen ýyl doglan gününe 80 ýyl dolan Amannazar Ataýew 1942-nji ýylyň 9-njy awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň M.Muhadow adyndaky daýhan birleşiginde dogulýar. Çagalygy uruş döwrüne gabat gelen Amannazar kiçiliginden «maşyn bagşy» adyny alan patefonlarda türkmen bagşylarynyň aýdymlaryny ürç edip diňleýär. Şol döwür Nobat bagşynyň, Hydyr bagşynyň, Girman bagşynyň ýazgylaryny halk eý görerdi.

Ussadyň ussat perzendi

Nury Saryýew türkmen halk saz sungatynyň täsin bir «akademiýasyny» döreden Sary bagşynyň körpe ogludyr. Nury doganlary Pürli, Oraz ýaly çagalykdan sazyň jadylaýjy güýjüne imrinýär. Olar kakalary aradan çykansoň, ýürek agysyny gyjagyň zaryn owazyna siňdirip, saz döredýärler. Sary bagşyň hatyrasyna döredilen sazy «Bagyşlanýar» ady bilen Moskwada ilki Pürli Saryýew ýazgy edýär. Heniz 12 ýaşly Nury hem özüniň döreden sazyna «Bagyşlanýar» diýip at goýmak isleýär. Ýöne ses ýazgy edijiler iki saza bir at goýulmagyna göwnemän, pioner boýunbagly Nurynyň sazyna «Pioner» adynyň dakylmagyny müwessa bilýärler.

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: (çepden) ýazyjy Naryman Jumaýew dosty we kärdeşi Berdi Soltannyýazow bilen (1969 ý.). «E-S-iň» arhiwinden

Akyldaryň taglymatynyň Esasy Kanunymyzdaky beýany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak we kabul etmek beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş bolar diýip hasap edýärin» diýip bellemegi bu ugurda geçirilýän toplumlaýyn çärelere her bir hünärmeni, alymy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny has içgin öwrenmäge, özleşdirmäge, wagyz etmäge, şahsy goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ýeri gelende, TÜRKSOÝ-yň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip ykrar edilendigini hem aýtmak gerek. Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr» diýip, beýik akyldaryň ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýoly, umumadamzat bähbitli pelsepe garaýyşlarynyň Esasy Kanunymyzyň mazmunyna siňendigini nygtaýar.

Umumy taryhyň beýik senesi

Ikinji jahan urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş umumy taryhyň möhüm sahypalarynyň biri bolmak bilen, söweş meýdanlarynda egin-egne berip, mertlerçe söweşen we geljek nesilleriň parahatçylykly, bagtyýar durmuşyny goran köp sanly halklaryň umumy mirasydyr we buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy maýda Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmagy hem häzirki nesliň hakydasynda baky saklanan azat edijileriň edermenligine çuňňur hormatyň nyşany boldy.

Salamyň sarpasy

Tanyşlyk, ysnyşyk, ýakyn aragatnaşyk, ilki bilen, salamdan başlanýar. Adamlaryň biri-birine uly hormatyny bildirip, salamlaşmagy gowy garaýyşlary döredýär. Salamlaşmakda dostlugy berkidýän güýjüň bardygyny asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halk döredijiligi, parasatly akyldarlaryň aýdan dana sözleri hem tassyklaýar.  Gadym zamanlardan bäri düýeli atla, atly eşeklä, eşekli pyýada, pyýada oturana salam bermeli diýen ahlak kada biziň günlerimizde hem berk eýerilýär. Uly adam kiçä salam beräýende-de ýalňyşlyk däl. Sebäbi erkek adamlar salamlaşanda, «Essalawmaleýkim» diýip salam berilýär, «Waleýkimessalam» diýlip hem jogap gaýtarylýar. Salam birek-birege parahatlyk, asudalyk dilemekdir.