Türkmen keşdeçiliginiň taryhy kökleri

19 Maý 2023
554

Türkmen halkynyň sungat derejesine ýetiren milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdeçilikdir. Müňýyllyklardan gözbaş alýan nagyşlaryň, keşdeleriň nepisligi, owadanlygy dünýä halklaryny haýrana goýýar. Türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamalaryň gelip gowuşmagy ony aňryýany bilen subut edýär. Hepdäniň sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolup geçen aýdym-sazly dabaraly maslahat hut şu taryhy waka bagyşlanyp, medeni däplerimiziň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Türkmen zenanlary gadymy döwürlerden bäri ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işleriniň keşde, köjüme, basma, ilme, gaýma ýaly birnäçe usullaryny ýerine ýetiripdirler. Keşde çekmeklik eneden gyza, gelinden baldyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelipdir. Gyzjagazlar keşde öwrenende ilkinji eden işini «Keşdäm tekiz bolsun!» diýip, suwa akdyrypdyrlar. «Keşdäm il-günüme peýdaly bolsun!» diýip, obadaky garry aýallardan birine sowgat beripdirler.

Jeren ÖWEZOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy.