Türkmen kalbynyň aýnasy

23 Maý 2023
520

Her bir halk dünýä beren gymmatlyklary bilen tanalýar. Türkmen halky hem özüniň ajaýyp, nepis halysy bilen dünýä ýüzüni haýrana goýdy. Halyçylyk sungaty asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip, özüniň gymmatyny ýitirenok. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplary bolsa bu gadymy sungaty buýsanç bilen dowam etdirýän halyçylarymyz üçin uly serpaý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halysy ýeňişleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň ajaýyp türkmen tebigatyna çalymdaş giň dünýägaraýyşly halkymyzyň gözellik mukamydyr, türkmen zenanlarynyň umumadamzat ösüşine peşgeş beren bakylyk mukamydyr» diýip, belleýän sözlerini okanyňda bu nepis halyçylygy sungat derejesine ýetiren mähriban ene-mamalarymyza bolan guwanjyň has-da artýar.

Häzir türkmen halylary halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde has-da dabaralanýar hem-de kämilleşdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly üstünliklere, ösüşlere besläp bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletimizde her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynda ussat hem halypa halyçylara hormatly atlar dakylyp, döwlet sylaglary gowşurylýar. Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly we döwletli işleriniň belent ykrarnamasydyr.

Şeker BORJAKOWA,
Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.