Döredijilik duşuşygy

18 Maý 2023
546

Golaýda Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýinde halypa sazanda, ussat senetkär Bally Kadyrow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. 96 ýaşy arka atan Bally aga öz durmuş we sungat ýoly barada gürrüň berip, gargydyr dilli tüýdükde «Düşmüş», «Sen-sen», «Garybym», «Gelinler» ýaly halk sazlaryny ýerine ýetirdi. Şeýle-de, ol öz taýýarlan milli telpegimizi, ýasan dilli we gargy tüýdüklerini, suw kädisinden ýasan güldanlaryny muzeýimize sowgat berdi.

Mährijemal KÄBÄÝEWA,
Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň hünärmeni.