Milliligimiz dünýä ýaýylýar

24 Maý 2023
454

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny aýap saklap, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň netijesinde ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar.

Halaç etrabyndaky çeper halyçylyk kärhanasynda hem haly we haly önümlerini dokamakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde halyçy gelin-gyzlaryň 2 müň 300-den gowragy yhlasly zähmet çekýär. Olaryň çeper ellerinden çykýan tegelek, trapesiýa ýaly dürli görnüşdäki halylar içerki we daşarky bazarlarda islegli önümleriň hatarynda tanalýar. Şeýle-de bu ýerde dokalýan haly horjunlary, gapjyklar, zenan ýantorbalary, gapylyklardyr beýleki dürli görnüşli sowgatlyk haly önümleri gözelligi, nepisligi, özüneçekijiligi bilen tapawutlanýar.

Atanyýaz ZÜLPIÝEW.