Keşdäniň keşigi heserli...

22 Maý 2023
520

Şol heser bilen «keselläp», gijeler ýatman, onluk çyranyň ýagtysyna keşde çekip, ertir gündogardan lowurdap Gün doganda, türkmeniň türkanaja öýünde läle ýaly keşdesi bilen ýene bir Gün dogduran keşdeçi gelin-gyzlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň sany, gör, näçekä?! Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçiligiň we dokmaçylygyň çawy dünýä ýaýraýarka, gelin-gyzlarymyza bu jadyly sungat hakynda içgin gürrüň bermegi makul bildik.

Aslynda, şeýle nepisligi döreden ýüpek sapagyň Günüň tylla tyglaryndan misil tutulyp, süýlendigi barada aýtgy bar. Messan basyp, seýle çykan joralaryň ak sümege öwrülen bir petde siňrene gözleri düşüpdir. Haýsy ýeliň, neneňsi güýjüň getirendigini bilmeseler-de, bili bogdajyk akja pileler olaryň ünsüni örkläpdir. Gyzlar gara gazana suw guýup, pileleri gaýnadanlarynda, täsin bir hakykata gabat gelenmişler. Akja gozalar ýumşap, uç berenmiş. Gün şöhlesine aşyk gözelleriň biri ony süýüp goýberipdir welin, ynha, kelep-kelep ýüpek sapak bolup duruberipdir. Älemgoşaryň ýedi reňkini özara paýlaşyp, göwünlerini hoşlaýan joralar öz sadaja külbelerinde älemgoşaryň çykaryny isläpdirler. Gysgajyk baharyň täsin gülleriniň ömrüni uzaltmak isleýänlerem tapylypdyr. Şeýdip, gözellik bilen jadylanan näzik göwünli gözellerimiz reňkleri-de tebigatyň özünden alanmyşlar. Tokmak ýaly gara saçlaryny gözden-dilden gorap ýören gyzlar, megerem, ilki bilen tahýalary keşdeländirler. Sebäbi olardaky «gülýaýda» siňe seredeniňde, gülşenli baglar ýadyňa düşýär.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».