Gözellige keşt eýleder keşdeler

22 Maý 2023
489

Milli gymmatlyklarymyzdan «Türkmen keşdeçilik sungaty» görnüşiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizilmegi şatlykly wakalaryň biri boldy. Çünki bakylyga eýlenip, nesilden-nesle geçip gelýän bu sungat her birimiziň, şol sanda gelin-gyzlarymyzyň kalbynyň soňlanmajak aýdymydyr.

Külli türkmeniň enesi Ogulabat ejäniň meşgullanan, ussatlyk bilen baş çykaran keşdeçilik sungaty inçe we arzyly sungatlaryň biri bolup durýar. Şeýledigi üçin ata-babalarymyz inçe hasaplanýan işlere, onuň ýeňil däldigini nygtamak maksady bilen, «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýip baha beripdirler. Ähli döwürlerde-de «iňňe bilen guýy gazan» zenanlarymyzyň söýgüdir yhlasyndan ajaýyp keşdeler — hakyky sungat döräpdir. Bu sungat nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolupdyr. Munuň şeýledigine häzirki keşdeleriň hem asyl nusgasynyň gadymy nagyşlardan ybaratdygy aýdyň şaýatlyk edýär.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».