Ussadyň ussat perzendi

18 Maý 2023
520

Nury Saryýew türkmen halk saz sungatynyň täsin bir «akademiýasyny» döreden Sary bagşynyň körpe ogludyr. Nury doganlary Pürli, Oraz ýaly çagalykdan sazyň jadylaýjy güýjüne imrinýär.

Olar kakalary aradan çykansoň, ýürek agysyny gyjagyň zaryn owazyna siňdirip, saz döredýärler. Sary bagşyň hatyrasyna döredilen sazy «Bagyşlanýar» ady bilen Moskwada ilki Pürli Saryýew ýazgy edýär. Heniz 12 ýaşly Nury hem özüniň döreden sazyna «Bagyşlanýar» diýip at goýmak isleýär. Ýöne ses ýazgy edijiler iki saza bir at goýulmagyna göwnemän, pioner boýunbagly Nurynyň sazyna «Pioner» adynyň dakylmagyny müwessa bilýärler.

Dürjemal ÇAŇLYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.