Golýazmalaryň gözleginde

25 Maý 2023
478

Halkymyzyň milli mirasyny çuňňur öwrenmekde türkmen akyldarlarynyň we nusgawy şahyrlarynyň golýazma eserleri ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda şeýle gymmatly eserleriň müňlerçesi bolup, olar aýawly saklanýar.

Institutda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýatlary netijesinde, ýurdumyzyň çäklerinde, daşary ýurtlarda milli mirasymyzyň gadymy golýazma çeşmelerini gözläp tapmak, toplamak işleri giň gerimde amala aşyrylýar. Türkmen alymlaryndan düzülen toparlar daşary döwletleriň 40-dan gowragynda iş saparynda boldular. Şonuň netijesinde ýurdumyza ençeme golýazmalaryň surat nusgalary getirildi. Ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen bagly geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, institutyň ylmy işgärleri Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldular. Olar akyldar şahyryň ömrüne we döredijiligine, türkmen halkynyň taryhyna, edebiýatyna degişli golýazmalary gözläp tapmak, olaryň surat nusgalaryny Watanymyza getirmek maksady bilen ylmy-gözleg işlerini alyp bardylar.

Meýlis JAPAROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.