Akyldaryň taglymatynyň Esasy Kanunymyzdaky beýany

18 Maý 2023
546

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak we kabul etmek beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş bolar diýip hasap edýärin» diýip bellemegi bu ugurda geçirilýän toplumlaýyn çärelere her bir hünärmeni, alymy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny has içgin öwrenmäge, özleşdirmäge, wagyz etmäge, şahsy goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ýeri gelende, TÜRKSOÝ-yň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip ykrar edilendigini hem aýtmak gerek.

Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr» diýip, beýik akyldaryň ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýoly, umumadamzat bähbitli pelsepe garaýyşlarynyň Esasy Kanunymyzyň mazmunyna siňendigini nygtaýar.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty.