Şanyň doldy giň jahana

23 Maý 2023
501

Halkymyz pederlerimizden miras galan milli maddy we medeni gymmatlyklary aýamagy, döwrebaplaşdyrmagy, kämilleşdirmegi bilen ata Watanymyzy Ýer ýüzüniň iň iri halkara guramasy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň işjeň hyzmatdaşlarynyň birine öwürdi. Ösüşiň milli nusgasyny ýörelge edinen döwletimiz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustyndan bäri bu halkara guramanyň doly hukukly agzasydyr. Özara hyzmatdaşlygyň 30 ýylynyň dowamynda birnäçe medeni-taryhy ýadygärliklerimiz, şeýle-de ruhy mirasymyz umumadamzat gymmatlygynyň nusgalyk görnüşi hökmünde sanawa girizildi. Olardan döwlet özbaşdaklygynyň ilkinji senelerinden, ýagny 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni hem-de tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasy kabul edilenden soň, dürli wagtda bu halkara gurama tarapyndan hasaba alnan «Gadymy Merw», «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanalary, Köne hem-de Täze Nusaý galalary görkezmek bolar. Şol bir wagtda türkmen topragyndan ýüze çykarylan ýadygärlikleriň aglabasynyň hem ÝUNESKO-nyň hasabynda durandygyny bellemelidiris.

2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşulmagy bilen halkyň egsilmez ruhy hazynalaryndan «Görogly» dessançylyk sungaty, Nowruz baýramy, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmeniň milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndan mynasyp orun aldy. Olar dünýäde parahatçylyk ýoly bilen barha belende galýan döwletiň ynsanperwerlik syýasatyny, agzybir halkyň şahandazlygyny hem-de döredijiligini alamatlandyrýarlar.

«Türkmen dünýäsi».