Halypa hormaty

18 Maý 2023
637

Gadymy Mary topragynda halkyň hakydasynda orun alan birnäçe bagşydyr sazandalar ýaşap geçipdirler. Şeýle ussatlaryň biri-de Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Amannazar Ataýewdir.

Geçen ýyl doglan gününe 80 ýyl dolan Amannazar Ataýew 1942-nji ýylyň 9-njy awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň M.Muhadow adyndaky daýhan birleşiginde dogulýar. Çagalygy uruş döwrüne gabat gelen Amannazar kiçiliginden «maşyn bagşy» adyny alan patefonlarda türkmen bagşylarynyň aýdymlaryny ürç edip diňleýär. Şol döwür Nobat bagşynyň, Hydyr bagşynyň, Girman bagşynyň ýazgylaryny halk eý görerdi.

Ogulsenem ATAÝEWA,
Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.