Şorta sözüň ussady

22 Maý 2023
707

Türkmen halky şahandaz, çeper söze gadyr goýýan halk hasaplanýar. Parasatly, dana pederlerimiz «Hoş söz gahary ýeňer», «Kinäni söz açar», «Köp bil, az sözle», «Söz bilen dünýä dolar», «Süýji söz — baldan artyk», «Ýagşy söze daş ýarylar», «Ýazylyp alynmadyk söz — ýiten hazyna» diýen ajaýyp nakyllary nesillere miras goýupdyr. Halkymyz dana, parasatly, şahandaz, wäşi adamlaryň pähim-paýhasa ýugrulan sözlerini nesilden-nesle geçirip gelipdir. Biz muny halk döredijilik eserlerimiz bolan nakyllaryň, şorta sözleriň, ertekileriň, dessandyr şadessanlaryň, nusgawy edebiýatyň görnükli wekilleriniň şahyrana eserleriniň mysalynda hem aýdyň görýäris. Ýer ýüzünde pähim-paýhasy, wäşiligi, dilewarlygy bilen meşhur bolan Ependiniň şorta sözleri hem dürli toý-baýramlaryň bezegine öwrülipdir. Onuň ady bilen baglanyşykly şorta sözleri bagşy-sazandalar, rawylar, suhangöýler ussatlyk bilen aýdyp, halk köpçüligine, märekä hezil beripdirler, olaryň göwünlerini galkyndyrypdyrlar. Ependi ençeme halklaryň arasynda molla Ependi, Hoja Nasreddin, molla Nasreddin ýaly atlar bilen meşhurlyga eýe bolupdyr.

Nasreddin Ependiniň ady bilen bagly şorta sözleriň XIII asyrdan gözbaş alyp gaýdýandygy, onuň şol döwürde ýaşandygy, Türkiýäniň Akşehir diýen ýerinde Hoja Nasreddiniň kümmetiniň häzire çenli saklanyp galandygy, onuň Seljuklar döwründe gurlan bolmagynyň mümkindigi barada maglumatlar bar. XV asyra degişli bolan «Saltyknama» atly kitapda Nasreddin Ependi barada aýdylýar. XVIII asyrda D.K.Kantemir «Türkiýäniň taryhy» atly kitabynda molla Ependiniň şorta sözleriniň üçüsini getiripdir. Görnükli türkolog alym W.A.Gordlewskiý hem Hoja Nasreddin barada ylmy garaýyşlaryny beýan edipdir. Onuň şorta sözleri Garaşsyzlyk ýyllarynda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan hem toplanylyp, türkmen dilinde neşir edildi.

Myrat TUWAKOW,
TYA-nyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.