Salamyň sarpasy

18 Maý 2023
459

Tanyşlyk, ysnyşyk, ýakyn aragatnaşyk, ilki bilen, salamdan başlanýar. Adamlaryň biri-birine uly hormatyny bildirip, salamlaşmagy gowy garaýyşlary döredýär. Salamlaşmakda dostlugy berkidýän güýjüň bardygyny asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halk döredijiligi, parasatly akyldarlaryň aýdan dana sözleri hem tassyklaýar. 

Gadym zamanlardan bäri düýeli atla, atly eşeklä, eşekli pyýada, pyýada oturana salam bermeli diýen ahlak kada biziň günlerimizde hem berk eýerilýär. Uly adam kiçä salam beräýende-de ýalňyşlyk däl. Sebäbi erkek adamlar salamlaşanda, «Essalawmaleýkim» diýip salam berilýär, «Waleýkimessalam» diýlip hem jogap gaýtarylýar. Salam birek-birege parahatlyk, asudalyk dilemekdir.

Hoşgeldi AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.