Umumadamzat gymmatlygy

23 Maý 2023
584

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti hem beýik galkynyşy başdan geçirýär, medeni gymmatlyklarymyz dünýä halklaryna giňden tanyşdyrylýar, umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimize ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktorynyň geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň abraýly sanawynyň üstüni türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly ugurlaryň ýetirendigine degişli sertifikatlary gowşurmagy ähli halkymyzda uly şatlyk, guwanç, buýsanç duýgularyny döretdi. Arkadagly Serdarymyz bu wakanyň öz baý mirasyny aýawly saklap, nesilden nesle geçirýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi.

ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy ulgamyndaky halkara hereketlerinde öňdebaryjy ähmiýeti eýeleýär, her bir halkyň umumadamzat gymmatlyklaryna we gazananlaryna hormat goýmak esasynda açyk gepleşikler üçin şert döretmek babatynda işleri alyp barýar. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär. Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. 1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy ÝUNESKO-nyň Türkmenistan bilen alyp barýan işleriniň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredýär. Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär. Türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň köp sanly desgalarynyň hem-de gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi üçin hödürnamalar yzygiderli berilýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».