Türkmenistan — ÝUNESKO: medeni diplomatiýamyzyň ýeňişleri

22 Maý 2023
456

Ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dünýäde medeniýetiň, sungatyň gülläp ösýän mekanyna öwrüldi. Türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, şeýle-de 15-nji maýda degişli güwänamalaryň ýurdumyza gelip gowuşmagy ähli halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň buýsanjyny artdyrdy.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň medeni ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri geçmişimiziň baý taryhy hakydasyny dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Bu babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Geçen ýyllarda bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda uly tejribe toplandy. Dabarasy dünýä dolan beýik döwletimiziň başlangyjy bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna birnäçe milli gymmatlyklarymyzyň girizilmegi milli mirasymyzyň dünýä içre dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.